Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çaga keselçiligi artýar, ölüm wakalary barada habar berilýär


Aşgabatdaky keselhana (Arhiw suraty)
Aşgabatdaky keselhana (Arhiw suraty)

Türkmenistanda çagalaryň arasynda ýokary keselçilik derejesi saklanýar. Azatlygyň habarçylary dem alyş keselleriniň we gyzamyk ýokançlygynyň ýaýramagy barada habar berýärler. Bu aralykda garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" çagalaryň ölümi barada täze maglumatlary habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, Türkmenistanda dümew epidemiýasy sebäpli 33 çaga ýogalypdyr, olaryň köpüsinde dogabitdi ýürek we dem alyş keselleri bolupdyr. Kesellänleriň köpüsi 5-7 ýaşly çagalar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” bu maglumatlaryň 15-nji ýanwardan 20-nji ýanwar aralygynda welaýat saglygy goraýyş bölümlerinde geçirilen baş lukmanlaryň ýygnaklarynda yglan edilendigini habar berýär.

Neşir dümew epidemiýasynyň indi azalýandygyny, ýöne öň hassahanalarda kesellänler üçin ýeterlik ýeriň bolmandygyny belleýär. Etraplardan baran hassalary şäher hassahanalaryna ýerleşdirmek gadagan edilipdi we reanimasiýa hem-de bejeriş bölümlerinde plastikden diwar edilip, dümewli hassalar şol ýere ýerleşdirildi diýlip, maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanda dem alyş keselleri güýzden bäri dowam edýär. Ýanwar aýynda Azatlygyň habarçylary gonamçylyklarda çagalaryň mazarlarynyň sanynyň ep-esli artandygyny habar berdiler. Hususan-da, Maryda, täze ýylyň ilkinji iki hepdesinde Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynda gonamçylyklarda birden köp sanly täze mazar döräp, bu ýagdaý hatda gonamçylykda işleýänleri hem geň galdyrypdy. Ölenleriň arasynda 5 ýaşa çenli çagalar köp.

Dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň ýaýramagy fewral aýynda-da dowam etdi. Dümewe mahsus alamatlar bilen kesel çagalarda has agyr geçýär. Habarçylar hassahanalaryň näsaglardan doludygyny habar berdiler.

Dem alyş ýollaryna degişli hassalykdan başga-da, ýurtda gyzamyk ýaýrady. Daşoguz welaýatynda soňky hepdelerde mekdebe gatnaýan çagalaryň sany esli azaldy. Gyzamyk bilen kesellän çagalar uzak wagtlap bejergi almaly bolýar we şu sebäpden mekdebe gatnamaýar. Käbir ene-atalar, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmaga we derman satyn almaga maddy mümkinçiligi bolman, çagalaryny halk usullary bilen bejermäge synanyşýarlar.

Soňky aýlarda ýaýran keselçilik derman serişdeleriniň ýetmezçiligini we ýurduň ilatynyň uly bölegine lukmançylyk kömeginiň elýeterli däldigini ýüze çykardy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary maşgalalaryň derman satyn almak we medisina hyzmatlaryny tölemek üçin öz emläklerini, şol sanda öý goşlaryny we hatda awtoulaglaryny satmaly bolýan halatlary barada habar berdi.

Saglygy goraýyş ýolbaşçylary ýurtdaky keselçilik ýagdaýy barada resmi derejede düşündiriş bermediler. Saglygy saklaýyş ministrliginiň web sahypasynda ýokanç keseller bilen bagly ýagdaý barada maglumat ýok. Ýurtda umumy keselçilik statistikasy hem çap edilmeýär.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 7-nji fewralda çap eden maglumatyna görä, lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýygnakda epidemiýanyň derman we lukmançylyk enjamlarynyň ýetmezçiligini ýüze çykarandygy we bu ýetmezçiligiň köp sanly derman iberen goňşy Özbegistanyň dostlukly kömegi arkaly üstüniň ýetirlendigi boýun alnypdyr. Şeýle hem şol ýygnaklarda saglyk resmileri häkimiýetleriň tejribelere esaslanyp, her keselhanada häzirki zaman reanimasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan 1-2 otagy guramak kararyna gelendigini aýdypdyr.

Dem alyş ýollaryna zepep ýetirýän hassalygyň epidemiýasy soňky aýlarda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda ýüze çykdy we şu sebäpden goňşy ýurtlaryň hökümetleri epidemiýa garşy çärelerini güýçlendirdi.

Özbegistan, sebitde dem alyş ýokançlygynyň ýaýramagynyň fonunda, Türkmenistan bilen serhetdäki barlag nokatlarynyň birini wagtlaýyn ýapdy. Gyrgyzystanda ýüzlerçe bilim edarasy ýapyldy, dümewiň we ýiti dem alyş infeksiýasynyň ýaýramagy zerarly ähli mekdepler onlaýn okuw tertibine geçirildi. Täjigistanda häkimiýetler koronawirusyň gaýdyp gelmegi baradaky aladalaryny orta atdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG