Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalaryň ýene 42 sanysynyň bäsleşikli söwdasyny yglan etdi.
“Biznes Türkmenistan” neşiriniň türkmen metbugatyn salgylanyp ýazmagyna görä, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak mümkinçiligini berjek bäsleşikli 15-nji martda, sanly platformanyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.
Satyljak desgalaryň içinde Dänew etrabynyň Hendekli obasynda ýerleşýän kerpiç sehi, Lebap sebitindäki “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatyndaky turba zawody, Aşgabatdaky “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy ýaly binalar bar.
Şeýle-de, dükanlar, kafeler, naharhanalar, dolandyryş binalary we önümçilik desgalary satuwa çykarylar diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanda döwlet serişdesine gurlan we özüni ödemeýän desgalaryň hususy eýeçilige satylmagy onlarça ýyl bäri dowam edýär. Emma bu işde aýdyňlyk şertleri berjaý edilmeýär, işini ýitiren adamlaryň soňra işe ýerleşdirilişi, olara başga hünär öwredilişi barada hem anyk maglumatlar berilmeýär.
Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady çökgünligiň arasynda ýapylýan döwlet kärhanalary ýurtda barha köpelýän işsizligin bir sebäbi hasaplanýar.
Şeýle-de synçylar işsizligiň giň ýaýran korrupsiýa şertlerinde aýňalyp bilmeýän hususy pudagyň agyr iş şertleri, kadaly ösüp bilmezligi sebäpli çuňlaşýandygyny aýdýarlar.