Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda elektrik çilim ‘gadagan’ edilýär, kalýan bilen surata düşen ýaşlar soraga çekilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda berk çäklendirilýän temmäki önümleriniň ornuny tutýan serişdeleriň satuwyna we olaryň ulanyjylaryna garşy çäreler güýçlenýär. Garaşsyz neşir ýurtda elektrik çilimleriň söwdasynyň gadagan edilendigini habar berýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy suw çilimi, ýagny kalýan bilen suratlary sosial torlarda paýlaşylan ýaşlaryň soraga çekilýändigini aýdýar. Türkmen häkimiýetleri ýurduň 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat boljakdygyny aýdyp, köp halatda birtaraplaýyn görnüşdäki we dil üsti bilen berilýän çäklendirmeleri girizýär.

Soňky döwürden bäri ýurtda birgezeklik elektrik çilimlerini, köpsanly ulanyşa niýetlenen weýp abzallaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, doldurmak üçin suwuklygyny satyn almak mümkin däl diýip, garaşsyz turkmen.news neşiri, öz çeşmelerine salgylanyp, 2-nji iýunda çap eden habarynda belleýär.

Maglumatda bularyň söwdasynyň birdenkä togtandygy we umumy häsiýete eýe bolandygy nygtalýar. Neşir munuň bilen bagly resmi kararyň göze ilmeýändigine, satyjylaryň bolsa, bu ýagdaýlary ‘gadagançylyk’ bilen düşündirýändigine ünsi çekýär.

Şol bir wagtda, Aşgabadyň käbir söwda nokatlarynda bu serişdeleri häzir hem, şol sanda dil üsti bilen gadagan edilen suw çilimlerini, olaryň şiresini-de gizlin satyn alyp bolýandygy bellenilýär.

Ýogsa geçen hepdäniň ortasyndan bäri sosial torlarda kalýan bilen surata düşen raýatlary, hususanda ýaş oglandyr-gyzlary anyklamak we polisiýa bölümine soraga çagyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Paýtagtdaky habarçymyz şular ýaly hadysalaryň birnäçesini tassyklatmagy başardy. Emma soraga çekilenleriň sözünden çen tutulsa, polisiýa bölümine her gün onlarça ýaş çagyrylýar.

Soragda bolanlaryň biriniň sözlerine görä, polisiýa işgärleri olar bilen degişlilikde salykatly gürleşipdirler. Şol bir wagtda, olara temmäki önümlerini, şol sanda kalýany mundan beýläk ulanmajakdygy barada dilhaty ýazdyrylypdyr. Soňundan polisiýa işgäri ‘ýene bir gezek ele düşseler’, onda garşysyna anyklaşdyrylmadyk jeza çäresiniň görüljekdigi bilen haýbat atypdyr.

Azatlyk Içeri işler ministrliginden häkimiýetleriň dil üsti bilen girizýän gadagançylyklaryna esaslanyp, adamlaryň şahsy durmuşyna gatyşmak hadysalary boýunça kommentariýa alyp bilmedi.

Emma ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäki önümlerinden azat etjekdigini söz berýän türkmen häkimiýetleri, ozallar hem kalýan ulanyjylaryna garşy reýdleri geçiripdiler.

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklandy. Soňky bir ýyldan gowrak wagtyň içinde temmäki önümleriniň gümrük tölegleriniň möçberi iki gezek artdyryldy.

Çilimiň söwdasyna girizilen çäklendirmeler çilimini goýup bilmeýän adamlary has uly saglyk töwekgelligine, şol sanda dürli otlary guradyp çekmäge mejbur edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG