Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda emeli aň meşhurlygynyň arasynda ChatGPT ulanýan ýaşlara gözegçilik edilýär

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri käbir okuw jaýlarynda ChatGPT Plus we beýleki tölegli emeli aň hyzmatlaryny ulanýan ýaşlary anyklamaga synanyşýarlar diýip, Azatlyk Radiosyna Türkmenabadyň okuw jaýlaryndaky we şäher polisiýasyndaky çeşmeler habar berdiler.

Türkmenabatly studentleriň sözlerine görä, soňky hepdelerde ýaşlaryň arasynda emeli aň programmalaryny ulanmaga gyzyklanmalar artýar, munuň bilen bir wagtda ýaşlaryň bu mesele barada soraga çekilmegine degişli ýagdaýlar hem ýüze çykýar.

“Ilki olar diňe kimiň tölegli ChatGPT ulanýandygyny biljek bolýarlar. Sebäbi bizde köp adam öz kartasy bilen töläp bilmeýär. Käbir talyplar daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlary ýa-da tanyşlary arkaly töleg edip ulanýarlar. Käbirleri bolsa birnäçe adam bolup bir hasaby ulanýarlar. Şonuň üçin güýç edaralary kimleriň beýle mümkinçilikleriniň bardygy bilen gyzyklanyp başladylar” diýip, türkmenabatly student gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gürrüňdeşlikde emeli aňyň diňe ulanylmagy bilen çäklenilmän, ýaşlaryň bu programmalar bilen nähili temalary yzarlaýandygy näme ýazýandygy baradaky soraglar berilýär.

Nähili soraglar berilýär?

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler ýaşlaryň emeli aňdan peýdalanýan temalary barada şeýle gürrüň berdiler.

“Ýaşlaryň köpüsi ChatGPT-ni diňe sapak üçin ulananok. Käbirleri onuň bilen edil ýakyn dosty ýaly gürleşýär. Maşgala meselesini, okuwda bolan kynçylyklaryny, mugallymlar bilen bolan ýagdaýlary hem ýazýarlar. Hatda mejbury çäreler, para meselesi ýa-da okuwdaky adalatsyzlyklar barada maslahat soraýanlar hem bar” diýip, student aýdýar.

Dünýäde emeli aň gurallary bilim almak, dil öwrenmek, ylmy gözleg geçirmek we iş öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin giňden ulanylýarka, türkmenistanly ýaşlaryň arasynda hem şeýle tehnologiýalara gyzyklanma artýar.

Türkmenabadyň polisiýasyndaky çeşme hem howpsuzlyk işgärleriniň soňky döwürde ýaşlaryň emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagy bilen gyzyklanýandygyny tassyklady.

Çeşmäniň sözlerine görä, käbir ýagdaýlarda studentler we döwlet edaralarynda işleýän ýaş işgärler saýlama görnüşde soraga çagyrylyp, olaryň telefonlary barlanypdyr.

“MHM işgärleri bu meseläni syýasy tarapa çekýärler. Sorag wagtynda: ‘Bu amerikan kompaniýasy. Siz näme üçin döwletiň içindäki ýagdaýlary daşary ýurt ulgamyna ýazýarsyňyz? Ol maglumatlaryň nirä gidýändigini bilýärsiňizmi?" diýip, şäher polisiýasyndaky çeşme sorag edişlikde berilýän sowallar barada gürrüň berdi. "Näme üçin mugallymlaryňyzyň at familiýalaryny ýazyp, olary parahorlukda aýyplaýarsyňyz? ’ diýip gorkuzýarlar we ‘duýgur’ maglumatlary ýazmazlygy buýurýarlar” diýip, çeşme sözüne goşdy.

'Gorky guraly'

Türkmenistanyň hökümeti ösen sanly tehnologiýalara, şol sanda emeli aňdan peýdalanmak mümkinçiliklerine resmi taýdan gyzyklanma bildirýär.

Maý aýynda Bilim ministrligi OpenAI bilen milli bilim ulgamyna emeli intellektiň goşulyşmagyny öwrenmek üçin resmi gepleşikleri geçirdi. Türkmenistan OpenAI bilen Londondaky forumda ChatGPT-niň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdy.

Polisiýadaky çeşmäniň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleri ýaşlary soraga çekenlerinde, hususan-da, türkmen tarapynyň OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen soňky duşuşyklaryny mysal getirip, özleriniň basyş serişdesi hökmünde ulanýarlar.

“Olar ýaşlara: ‘Indi hökümet OpenAI bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Siziň kimdigiňizi bilmek kyn däl’ diýip aýdýarlar. Maksat adamlarda gorky döretmek. Hakykatda bolsa köp ýaşlar muny syýasat üçin däl, okuw, dil öwrenmek ýa-da durmuşyndaky meseleler boýunça maslahat almak üçin ulanýar” diýip, çeşme belleýär.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän OpenAI kompaniýasy 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ChatGPT emeli aň modelini işe girizdi. Gysga wagtyň dowamynda giň meşhurlyga eýe bolan ulgamdan häzirki dünýäde peýdalanýanlaryň sany aýda bir milliarddan geçdi.

Azatlygyň habarçylary howpsuzlyk gulluklarynyň emeli aňdan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýaşlara gözegçilik edýändigini geçen ýyl hem habar beripdi.

Tutuş sanly ulgama gözegçilik edilýär

Bu ýagdaý häkimiýetleriň, şol sanda MHM-niň ilatyň maglumat serişdelerini ulanmagyna we garaşsyz informasiýa elýeterliligine berk gözegçiliginiň arasynda ýüze çykýar.

Ýaňy ýakynda Türkmenistanda okuwçylaryň we studentleriň mobil telefonlaryny ulanmak tertibini resmi taýdan düzgünleşdirildi. Orta mekdeplere we ýokary okuw jaýlaryna degişli täze düzgüne görä, okuwçylaryň we studentleriň sapak wagtynda şahsy ykjam tehniki serişdelerini diňe okuw maksatlary üçin, mugallymlaryň rugsady bilen ulanyp biler. Şahsy ykjam tehniki serişdelerine aragatnaşyk, internet, foto, wideo we ses ýazgy funksiýalary bolan ähli enjamlar, ýagny mobil telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar we smart sagatlar girýär.

Resmi maglumatlarda täze tertibiň okuw wagtynda okuwçylaryň ünsüniň bölünmeginiň öňüni almak we bilim prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar. Emma soňky birnäçe ýyl bäri ilatyň aragatnaşyk serişdelerini ulanmagyna degişli çäklendirmeler resmi däl görnüşde amala aşyrylypdy. Orta mekdeplerde we ÝOJ-da bilim alýanlaryň mobil telefonlary ulanmagy gadagan edilipdi, käte ellerinden alnyp, barlanypdy.

Beýle çäklendirmeler diňe ýaşlara degişli bolman, eýsem býujet edaralarynyň işgärlerine hem degişli bolup, mugallymlaryň we lukmanlaryň iş ýerinde mobil telefonlaryny ulanmagyna gadagançylyk girizilipdi.

Ýerli IT hünärmenleri Türkmenistanda emeli aň hyzmatlary bilen bagly yzarlamalar umuman sanly ulgama gözegçilik tejribesiniň çäginde amala aşyrylýar. Ýurtda VPN ulanýanlar, garaşsyz maglumat çeşmelerini okaýanlar we sosial ulgamlary işjeň ulanýan raýatlar howpsuzlyk edaralarynyň üns merkezine düşüp gelýär.

"Şeýle ýagdaýda täze tehnologiýalary 'howp' hökmünde görkezmek arkaly howpsuzlyk edaralary jemgyýete gözegçiligi güýçlendirmäge, gorky we özleriniň ähmiýetini artdyrmaga synanyşýar" diýip, türkmenistanly IT hünärmeni belledi.

Ilatyň ösen tehnologiýalardan peýdalanmagyna gözegçilik bilen bir hatarda Türkmenistan dünýäde iň haýal internetli ýurt hökmünde tanalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG