Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda turan güýçli ýel elektrik üpjünçiligine, jaýlara we ekerançylyga zyýan ýetirdi

Soňky ýyllarda Türkmenistanda tozanly ýelleriň ençemesi boldy. (Arhiw suraty)
Soňky ýyllarda Türkmenistanda tozanly ýelleriň ençemesi boldy. (Arhiw suraty)

14-nji aprelde ýurduň Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň köp böleginde güýçli ýel turup, ýagyş ýagdy. Tebigy hadysanyň netijesinde, elektrik geçiriji simleriň onlarçasy üzülip, ilat toksuz galdy. Şeýle-de, ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerindäki demir şiferler uçup, ýere gaçdy. Bag-bakjaly daýhanlaryň baglarynyň şahalary döwüldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Ahaldan, Balkandan, Daşoguzdan we Lebapdan maglumat berdiler.

“Ahalyň Tejen we Babadaýhan etraplarynda 14-nji aprelde günortan güýçli ýeliň gelmegi bilen, tas ähli ýeriň elektrik togy kesildi. Agşam käbir geňeşlikleriň elektrik toklary dikeldilse, käbir geňeşlikler häzir hem toksuz galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 15-nji aprelde beren maglumatynda aýtdy.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýerli elektrik edarasynyň işgärleri “güýçli ýeliň dowam edýändigi zerarly elektrik geçiriji simleriň çaknyşyp, ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen”, tok üpjünçiliginiň wagtlaýyn kesilendigini aýdýarlar.

“Emma hakykat beýle däl. Ilatyň elektrik üpjünçiliginiň dikeldilmezligi simleri köneligi we güýçli şemala üzülendigi bilen baglanyşykly. Indi olary ýuwaş-ýuwaşdan bejerip, geňeşlikleriň togy tapgyrlaýyn esasda dikeldiler” diýip, ýerli tok edarasyndaky çeşme anonimlik şertinde aýtdy.

Güýçli şemal ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesine hem zyýan ýetirip, gapylary, penjireleri döwlen, şeýle-de üçeklerindäki demir şiferleri uçan jaýlaryň sany köp boldy.

"Ilat 30 metr aralygy görmekde kynçylyk çekdi"

Mundan başga-da, ekerançylyk ýerlerine, şol sanda miweli baglara zeper ýetip, ýaňy gülläp başlan baglaryň şahalary döwüldi.

Daşoguzyň aglaba böleginde hem ýel turup, soňky üç gün bäri ýagynly howa dowam edýär. Welaýatyň köp etrabyna, hususan-da, oba ilatyna üç gün bäri elektrik togy berilmeýär.

Balkandaky habarçymyz 14-nji aprelde irden sagat 10:30 töwereginde Gyzylarbat etrabynda ilki tozanly ýel turandygyny we soňra ýagyş ýagyp başlandygyny aýdýar.

Lebapdaky habarçymyz 14-nji aprelde welaýatyň Kerki we Köýtendag etraplarynda hem güýçli tozanly ýeliň turandygyny, ilatyň 30 metr aralygyny görmekde kynçylyk çekendigini aýtdy.

“Soňky hepdelerde tozanly ýeli her hepde diýen ýaly gaýtalanyp dur. Erbet tozanly howa köp adamyň saglygyna hem ýaramaz täsir edýär” diýip, kerkili ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

15-nji aprelde Lebabyň beýleki sebitlerinde hem güýçli ýel turup, hususy ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsine maddy zyýan ýetirdi.

"Döwlet tarapyndan kömek bolmaýar"

“Güýçli ýel hojalyklaryň bir gatly jaylarynyň üçegindäki demir örtügini ýokary galdyryp, ýere gaçyrdy. Ilatyň öň hem zordan gün görýän sebitinde tebigy hadysalaryň ýygy-ýygydan döräp durmagy, ilata goşmaça çykdajy we maddy zyýan ýetirýär. Sebäbi tebigy hadysalardan soň, döwlet tarapyndan kömek bolmaýar. Zyýan çeken hojalyklar ýeten zyýany öz hasabyna dikeltmeli bolýarlar” diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk tebigy hadysalarda adam pidalarynyň ýa-da şikeslenmeleriniň bolandygyny ýa-da bolmandygyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Redaksiýamyzyň bu barada degişli ýerli häkimiýetler, şol sanda adatdan daşary gulluklar bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu tebigy hadysa we onuň ilata ýetiren täsirleri barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýurduň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi web sahypasynda hem waka barada hiç zat aýdylmaýar.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 15-nji aprelde çap eden maglumatynda Özbegistanyň Garagalpagystan sebitiniň käbir ýerlerinde tupanyň güýji bilen öwüsýän ýelleriň bolandygyny we onuň täsiriniň Türkmenistanda hem duýlandygyny habar berdi.

“Türkmenistanda onuň täsiri Daşoguz welaýatynda (esasan hem sebitiň demirgazyk böleklerinde) we Balkan welaýatynyň iň demirgazyk böleginde duýuldy. Daşoguzda şu gün ýeliň tizligi sagatda 21 metre ýetdi” diýip, neşiriň 15-nji aprelde çap eden maglumatynda bellenýär.

Türkmenistanda soňky ýyllarda adatdan daşary tebigy hadysalar, şol sanda ýagynly, duzly, tozanly tupanlar ýygy-ýygydan gaýtalanýar, suw joşmalary döreýär we ýaşaýyş ýerlerini sil basýar.

Türkmen häkimiýetleri adatça ilatyň durmuşyna we howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýän şeýle tebigy hadysalar we olaryň netijeleri barada aç-açan çykyş etmeýärler. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tebigy hadysalar barada öz wagtynda habar bermeýär ýa-da asla gürrüň gozgamaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG