Türkmenistanda awtoulaglar üçin ýangyç gytçylygy döredi. Beketlerde benzin çäkli mukdarda satylýar, dizel tapdyrmaýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri bu ýagdaýyň ilat arasynda aladalanmalary ardyrandygyny aýdýarlar.
"Ýangyç beketlerinde iki günüdir ýiti dizel we benzin gytçylygy saklanýar" diýip, balkanly çeşme 10-njy martda habar berdi we bu ýagdaýyň ýerli ilat üçin kynçylyk döredendigini aýtdy.
Gyzylarbat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýangyç guýan beketlerinde ýük ulaglaryň nobatlary döräp, ýangyja mätäç ulag sürüjileriň bu ýerde galyp, ýangyjyň satylmagyna garaşýandygyny ýerli çeşmeler belleýär.
"Dizel satyn almaga garaşýan ýük ulaglaryň, şol sanda gazak we özbek döwlet belgili ýük ulaglarynyň onlarçasyny görmek mümkin" diýip, gyzylarbatly çeşme aýtdy.
Habarçylara görä, dizel we benzit gytçylygy Daşoguz welaýatynda hem döräpdir.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan sürüjiler ýoluny dowam etdirmek üçin ulagynda ýangyjynyň düýpden ýokdugyny we dizeli has gymmat bahadan satyn almaga-da taýýardygyny aýdýarlar.
"Dizelsiz kösenýän sürüjiler ýangyç beketleriniň işgärlerine para hem teklip edýärler. Her bir litri üçin 10 hatda 20 manat teklip edýän daşary ýurtly sürüjileri görse bolýar. Ýöne bu sapar hususy araçylara-da dizel satylmaýar. Daşary ýurtly sürüjiler gaty kösenýär" diýip, sürüji gürrüň berdi.
Türkmenistanda dizel ýangyjynyň resmi bahasy 1 manat bolup, arzanlygy boýunça dünýäde ilkinji bäşlige girýär.
Balkanyň ýangyç beketlerinde şu günler benzin hem örän çäkli mukdarda satylýar we köp garaşan, nobaty ýeten her bir ulaga 5 litrden köp satylmaýar.
Balkanly çeşmeler ýangyç beketlerindäki bu ýagdaýyň dartgynlylyga sebäp bolýandygy aýdyp, "nägile bolýan sürüjileriň arasyndaky ýagdaý ýaka tutuşma çenli baryp ýetýär" diýip, gürrüň berdiler.
Bu ýangyç gytçylygynyň sebäpleri barada türkmen häkimiýetlerden resmi düşündiriş berilmedi. Nebiti eksport edýän Türkmenistanyň içerki bazarynda dörän ýangyç gytçylygy Ýakyn Gündogardaky urşuň dünýäde nebit söwdasyna ýetirýän täsirleriniň arasynda ýüze çykdy.
Eýranyň energiýa desgalaryna hüjümler we nebit serişdeleriniň möhüm eksport ýoly Hormuz bogazynyň ýapylmagy sebäpli nebitiň bahasy media maglumatlaryna görä, duşenbe güni 120 dollara golaý ýokarlanypdyr.
'Pursatdan netijeli peýdalanmak'
Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde beren maglumatlarynda ýurduň nebit önümleriniň söwdasynda daşarky bazarlara ünsüň artdyrylandygy bellenýär.
Çeşmeleriň biri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndaky ýagdaý barada gürrüň berip, "Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna tas ähli harytlaryň - benziniň, dizeliň we çig nebitiň eksporty güýçli depginde ýola goýuldy" diýdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, häzirki pursatda diňe oba hojalyk üçin belli bir mukdarda ýangyç bermek tabşyrylypdyr.
"Häzirki ekiş möwsümi nazarda tutulyp, welaýatlardaky oba hyzmat ýangyç beketleri üçin az mukdarda dizeli we benzini bermek tabşyryldy" diýip, çeşme aýtdy. "Raýatlar üçin benziniň gündelik mukdaryny her bir ulaga 5 litrden kesgitläp, häzirki pursatdan netijeli peýdalanmak üçin eksporta üns bermek tabşyrdylar".
Türkmenistanyň döwlet mediasynda çap bolýan maglumatlara görä, ýurduň nebit önümçiligi we eksportynyň möçberi depginli ösýär. Munuň bilen bir wagtda ýurduň içerki bazarynda ýangyç önümleriniň gytçylygy hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Türkmenistandaky çeşmeler häzirki ýagdaýyň adamlarda has uly howatyrlanma döredendigini aýdýar.
"Ýurtda nebit önümleriniň häzirki gytçylygy soňky ýyllarda dörän ýangyç ýetmezçiliginden hem has beter duýulýar" diýip, türkmenistanly çeşme "goňşy ýurtdaky urşuň Türkmenistanda nebit önümleriniň aşa gymmatlamagyna getirmegi" barada alada artýar diýip, belledi.
Energiýa serişdeleriniň, şol sanda nebit önümleriniň eksporty Türkmenistanyň girdejileriniň uly bölegini düzýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ösýän eksport ugurlarynyň biri Ýewropa ýurtlary bolup, diňe bir 2019-2023-nji ýyllar aralygynda Ýewropa Bileleşigine satylan türkmen nebit önümleriniň mukdary üç esse çemesi artypdyr. Media maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine bahasy 1 milliard 50 million ýewro möçberinde nebit önümlerini eksport edipdir, deňeşdirme üçin 2019-njy ýylda türkmen nebit önümleriniň Ýewropa eksporty 334 million ýewro barabardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum