Azatlygyň habarçylary ilatyň dürli gatlagyna degişli adamlar bilen gürleşip, türkmenistanlylaryň Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň 28-nji fewralda goňşy Eýrana uran howa zarbalary netijesinde dörän ýagdaýlar baradaky pikir-garaýyşlaryny öwrenmäge çalyşdy.
Döwlet eýeçiliginde, berk döwlet senzurasy astynda işleýän türkmen metbugatynyň adatça bu hili ýagdaýlar barada berk dymmagyna garamazdan, goňşy ýurduň ýokary syýasy lideriniň öldürilmeginden habarsyz galan adam ýok diýerlik, ýöne ilat arasyndaky pikirler dürli-dürli, bu habara begenýänler hem, alada edýänler hem bar diýip, çeşme aýtdy.
Balkandaky habarçymyzyň ýazmagyna görä, Eýran lideriniň öldürilendigi hakyndaky habar Türkmenistanyň günbatar sebitinde ‘gaty gowy garşy alyndy’.
'Häzirki internet döwründe jenaýatlary gizlemek mümkin däl’
Pikirini aýdan adamlar golaýda Eýranda bolan protestler wagtynda, eýran ýolbaşçylarynyň buýrugy esasynda, müňlerçe adamyň öldürilendigini aýdyp, bu ýagdaýyň özlerinde ‘eýran diktatory Aýatolla Hameniýä bolan ýigrenji güýçlendirendigini, häzirki internet döwründe beýle jenaýatlary gizlemegiň mümkin däldigini’ bellediler.
Adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen öňki harby, öz sözleri bilen aýtsak, [ABŞ-nyň prezidenti Donald] Trampyň ‘dünýäni diktatorlardan arassalamak hereketini alkyşlady’.
“Demirgazyk Koreýanyň we Türkmenistanyň diktatorlaryna hem nobat ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Syýasy bendileriň we ýaş aktiwist bloggerleriň urlup öldürilmeginiň Amerika tarapyndan öwrenilip, Arkadag diktatordan hasap soramaly wagty geldi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Eýranda atylýan raketalary, asmandaky feýrwerkler ýaly, serhediň türkmen tarapynda hem görmek bolýar diýip, bir ýaşaýjy sebitdäki ýagdaýlar gowulaşsa, türkmen halkynyň hem gowy ýaşajakdygyny, sebäbi türkmen gazynyň bazarynyň ‘ulaljakdygyny’ öňe sürdi.
“Bu operasiýa tiz tamamlansa, eýran halky diktator zulmundan dynyp, täze, dünýewi döwlet bolup, erkin durmuşa geçse, satylmagy kyn bolan türkmen gazyny Yraga we azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä satmaga-da ýol açylardy. Aýatollanyň diktator režimine [garşy girizilen] sanksiýalar sebäpli, Türkmenistan tebigy gazyny satmakda kynçylyk çekýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjynyň ynanjyna görä, Eýranda tizräk täze, halk bähbidin öz bähbidinden ileri hasaplaýan hökümet gurulsa, hem Eýrana, hem goňşularyna bähbitli bolardy.
"Türkmen režiminiň ýapyklyk arzuwy iş ýüzünde ‘hakykata’ öwrülýär"
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan ulag, aragatnaşyk hünärmenleri Eýranda we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolýan wakalara, umuman, aladaly garaýarlar we "Demirgazyk-Günorta" geçelgesiniň gümürtikdigini öňe sürýärler.
"Türkmen režiminiň 30 ýyllyk üzňelik we ýapyklyk arzuwy ahyry iş ýüzünde ‘hakykata’ öwrülýär, ýöne ozal bu türkmen häkimiýetleriniň içerki islegi, bitaraplyk keseli we üzňelik meýli sebäpli bolan bolsa, indi durmuş hakykaty muňa sebäp bolýar. Bir tarapda Owganystan-Pakistan urşy bilen TOPH planlary puja çyksa, beýleki tarapdan, Eýrandaky molla režiminiň çaýkanyp başlamagy bilen, "Demirgazyk-Günorta" geçelgesi hem indi, "türkmen tarapynyň ýapyklygy sebäpli däl-de, Eýran ýollarynyň kesilmegi" sebäpli ýapylyp galyp biler” diýip, ýerli ulag edarasynyň hünärmeni aýtdy.
Türkmenistan sebitde söz, metbugat azatlygyny berk çäklendirýän, şol sanda sosial ulgamlarda pikirini aýdýan raýatlaryny ‘owuz jezalandyrýan’ ýa-da gorkuzyp saklaýan ýurt hökmünde bilinýär.
Mundan başga, döwlet eýeçiligindäki metbugat dünýäde we sebitde bolýan heläkçilikli ýagdaýlar, tebigy hadysalar, harby çaknyşyklar hakynda ilata töwerekleýin maglumat bermegiň öňüni baglaýar.
Bu hili ýagdaýlarda, sebitiň beýleki ýurtlaryndakydan tapawutlylykda, diňe türkmen žurnalistleri däl, syýasy synçylar, ykdysatçylar, taryhçylar we ýazyjy-şahyrlar hem, yzarlamalardan çekinip, garaşsyz neşirler, sosial media arkaly öz pikirlerini açyk aýtmakdan saklanýarlar.
Bu ýagdaý, synçylaryň pikirine görä, türkmen dilindäki syýasy, ykdysady, sosial pikir alyşmalaryň derejesiniň örän çäklendirilmegine getirýär.
Ýöne bu çäklendirmeden özüçe ‘peýdalanýan’ we dünýäniň beýleki ýurtlarynda döreýän çylşyrymly ýagdaýlar barada gürrüň edip, Türkmenistandaky parahatçylygy halk meselelerini çözmek barada edilýän gürrüňlere garşy goýmakda ulanjak bolýan raýatlar hem bar.
Sosial ulgamlarda türkmen hökümetiniň alyp barýan ýapyklyk syýasatyny goldaýan, halkyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda gürrüň edilmegine berk garşy çykýan ýaşaýjylar, şeýle ýagdaýlarda bolşy ýaly, bu gezek hem “asmanymyz arassa, ýurt parahat, uruş bolmasa bolýar, şükür etmeli’ diýen gürrüňlerini güýçlendirdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum