"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan türkmenistanlylaryň ençemesi soňky döwürde telefon belgisini çalyşmak we hasabyny ýapmak ýaly hyzmatlary ulanjak bolsalar dürli kynçylyklara duçar bolýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý ýurduň ýeke-täk aragatnaşyk operatorynyň müşderileriniň telefon we internet hyzmatlarynyň hilinden şikaýat etmeginiň arasynda ýüze çykdy.
"Telefon belgisini çalyşmak isleýänlere we müşderiniň adynda bar bolan telefon belgisini ýapdyrmak üçin ýüz tutýanlara munyň gadagandygy aýdylýar" diýip, aşgabatly çeşmeleriň biri 3-nji maýda gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gepleşen türkmenistanlylaryň birnäçesi işgärleriň müşderileriň resminamalarynyň berk barlaýandygyny we dürli kemçilik tapyp, hyzmaty üpjün etmekden ýüz öwürýändigini gürrüň berdiler.
"Pasportda müşderiniň suratyny we ýaşaýan ýeri baradaky ýazgysyny barlaýarlar. Dürli mobil aragatnaşyk meselesi bilen ýüz tutýan müşderiniň pasportynda ýaşyna görä suratynyň täzelenip-täzelenmändigi barlanýar we 45 ýaşynda ikinji suraty bolmadyk raýatlara 'Altyn Asyr' mobil aragatnaşyk operatory hyzmat etmekden ýüz dönderýär" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.
'Telefon belgisini ýapmak kyn'
Telefon belgisini doly ýapdyrmak isleýän müşderiler hem kynçylyk döreýändigini aýdýar. Meselem, Türkmenistandan göçüp gidýänler öz hasabyny, öz adyna alnan telefon belgileri resmi taýdan ýapdyrmakçy bolýarlar.
"Telefon belgisini resmi taýdan ýapdyrmak isleýärler uly kynçylyklar bilen ýuzme-ýuz bolýarlar. Olardan hemişelik göçüp gidip barýanlygyny subut edýän resminamalar talap edilýär we ýaşaýn ýerinde ýazgydan çykandygy barada resminama talap edilýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy öz tejribesini gürrüň berýär.
Türkmenistanly çeşmeler ýurtda mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän diňe ýeke-täk bir operatoryň bolmagy sebäpli müşderilerde onuň şertlerinde kaýyl bolmakdan başga çäresiniň ýokdugyny belleýärler.
"Onuň müşderileri çekmek üçin iş etmek aladasy ýok, gaýtam dürli bahanalar bilen müşderleriň ýüzüni alyp, islendik mesele bilen ýüz tutýan adamlary yzyna gaýtaryp durýarlar" diýip, müşderi nägileligini bildirdi.
Bäsdeşlik, alternatiwa ýok
Bu aralykda müşderiler "döwrebap mobil internet hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin edilýän iş göze ilmeýär" diýýärler.
Operatoryň websaýtyndaky habarda bolsa müşderilere täze hyzmatlary, şol sanda internet bukjalaryny hödürleýändigi aýdylýar.
"Altyn Asyr" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän ýeke-täk operatordyr, türkmen ulanyjylarynda başga alternatiwa ýok.
"Bäsleşik ýok, islän bahalary goýup, wada berlen hyzmatlary, şol sanda internet tizligini üpjün etmeýärler" diýip, aşgabatly ulanyjy aýdýar.
Azatlyk "Altyn Asyr" aragatnaşyk operatoryň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi. Mobil operatoryň websaýtynda görkezilen telefon belgisine edilen jaňlara jogap berilmedi.
Türkmenistan iň gymmat we haýal internetli ýurt hasaplanýar. Üstesine, internet petiklenýär we raýatlar IMO-dan başga meşhur sosial ulgamlardan peýdalanmak üçin VPN ulanmaly bolýar.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylaryň biri aragatnaşyk operatorynyň diňe biriniň bolmagy häkimiýetiň raýatlaryň internetdäki aktiwligine gözegçiligini aňsatlaşdyrýar diýip pikir edýär.
"Hökümet tarapyndan görkezme bolsa, ol YouTube we beýleki sosial torlary petikläp, müşderiň satyn alan tiz internetli bukjasyna garamazdan, internet hyzmatyny haýalladyp bilýär. 4G interneti 3G tizligine awtomatik geçýär, müşderiň islegi göz öňünde tutulmazdan, operatoryň wada beren internet tizligi peselýär. Adamlar mejbury 'Altyn Asyry' ulanmaly bolýar" diýip, mobil bu operatoryň müşderisi hyzmatlar barada öz pikirini aýtdy.
Ýene bir türkmenistanly ýurtda internet we mobil telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ýyllarboýy pesligine galýandygyny we ulanyjylaryň hiç hili çykalga görmeýändigini belledi.
Türkmenistanlylar mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilinden häli-şindi şikaýat edýärler. Telefon jaňlaryň geçmeýändigi, SMS-leriň giç barýandygy we internetiň örän haýaldygy barada habarçylarymyz ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.
Soňky ýylda ýurtda ‘Starlink’ ulanýanlar peýda bolýar, emma olar ýygy-ýygyndan häkimiýetleriň yzarlamalaryna sezewar bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum