Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

VPN hyzmatlaryny açyk hödürleýän SMS bildirişleri ulanyjylary howatyr edýär

Türkmenistanda döwlet gözegçiligindäki internetiň petiklenmegi VPN-lere islegi artdyrýar.
Türkmenistanda döwlet gözegçiligindäki internetiň petiklenmegi VPN-lere islegi artdyrýar.

Türkmenistanyň dürli ýerlerinde ýaşaýan raýatlar soňky günlerde VPN hyzmatlaryny mahabatlandyrýan SMS habarlarynyň köpçülikleýin ýaýradylýandygyny gürrüň berdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary döwletiň berk gözegçiliginde saklanýan internetli ýurtda petikden geçmek üçin niýetlenen VPN-leriň açyk hödürlenmeginiň sebäpleri we teklip edilýän hyzmatlaryň mümkinçilikleri bilen gyzyklandy.

Türkmenabat, Aşgabat we beýleki sebitlerde ýaşaýan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, SMS arkaly ugradylýan habarlarda telefonlara VPN gurnap bermek, aý boýunça hyzmat hödürlemek we dürli bahalar bilen internet çäklendirmelerini geçmek mümkinçilikleri aç-açan teklip edilýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan türkmenabatly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, ol şeýle mahabatlaryň birinden peýdalanyp görüpdir.

“Telefonyma VPN satylýar diýen SMS geldi. Men hem gyzyklanyp jaň etdim. iPhone üçin bir aýlyk VPN 400 manat diýdiler. Soňra programmany gurnap berdiler” diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda internetiň häkimiýetler tarapyndan ýyllarboýy çäklendirmegi VPN-lere bolan islegi artdyrýar.

Ýurtda YouTube, Instagram, TikTok, Facebook, Telegram ýaly köp sanly platformalaryň petikli bolmagy sebäpli ýaşaýjylar sosial ulgamlara we daşary ýurt habar serişdeleri ýaly maglumat çeşmelerine girmek üçin VPN ulanmaly bolýarlar.

VPN hyzmatlarynyň ulanylmagy internet ulanyjylarynyň arasynda giňden ýaýran hem bolsa, başga bir tarapdan häkimiýetleriň ulanyjylary we hyzmatlary hödürleýänleri yzarlamagy, saklamagy, gorkuzmagy we howpsuzlyk gulluklary bilen hyzmatdaşlyga mejbur etmegi ýaly ýagdaýlar hem häli-şindi ýüze çykýar.

'Ýurtdaky şertlerde geň görünýär'

Şu nukdaý nazardan ýerli VPN ussalary we IT ulgamyndan baş çykarýan käbir ýaşaýjylar köpçülikleýin ugradylýan VPN mahabatlaryň adaty däldigini aýdyp, şeýle hyzmatlaryň aç-açan SMS arkaly mahabatlandyrylmagyny Türkmenistandaky şertlerde geň galdyryjy ýagdaý diýip häsiýetlendirýärler.

“Türkmenistanda VPN söwdasy ýyllarboýy gizlin alnyp barylýar. Adamlar köplenç diňe tanyş-biliş arkaly müşderi tapýardy. Häzir bolsa onuň köpçülige SMS paýlamak derejesine ýetmegi örän geň ýagdaý” diýip, aşgabatly IT ussasy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurtda mobil aragatnaşyk ulgamynyň berk döwlet gözegçiliginde saklanýandygyny nazara alnanda, şeýle mahabatlaryň degişli edaralaryň habary bolmazdan ýaýradylmagy mümkin däl ýaly görünýär.

“Türkmenistanyň şertlerinde müňlerçe adama SMS paýlamak ýeňil mesele däl. Üstesine-de, bu VPN ýaly häkimiýetleriň hemişe göreşýän hyzmaty bilen bagly bolsa, onda hökmany suratda içerden goldaw ýa-da göz ýumma bar diýen şübhe döreýär” diýip, ussa aýdýar.

'Duzak bolaýmasyn'

Käbir ýaşaýjylar bolsa, bu ýagdaýyň adamlaryň şahsy maglumatlaryny toplamak ýa-da olaryň internet işjeňligini yzarlamak üçin döredilen duzak bolup biljekdiginden howatyrlanýarlar. Olar Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sosial ulgamlardaky ýazgylary, daşary ýurt media serişdelerine girmegi ýa-da hökümeti tankytlaýan maglumatlary paýlaşmagy sebäpli soraga çekilmeginiň dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar VPN hyzmatlaryny hödürleýän käbir adamlaryň müşderilerden telefon belgilerini, enjam maglumatlaryny, hatda Apple ID ýa-da beýleki hasap maglumatlaryny hem talap edýändigini aýdýarlar. Bu bolsa maglumat howpsuzlygy bilen bagly aladalary has-da güýçlendirýär.

Türkmenabatly bir ýaşaýjy şeýle ýagdaýdan soň VPN hyzmatyndan ýüz öwrendigini aýtdy: “Olar programmany özleri gurnap berýärler. Emma soň telefonda näme gözegçilik edilýär, maglumatlar nirä gidýär, ony hiç kim bilmeýär”.

VPN ulgamyndan baş çykarýan käbir ussalar ilaty diňe garaşsyz we halkara derejede tanalýan platformalardan peýdalanmaga çagyrýarlar. Şeýle-de, olar näbelli adamlaryň gurnap berýän programmalarynyň ulanyjynyň maglumatlaryny üçünji taraplara geçirip biljekdigini duýdurýarlar.

“Ilat öz maglumat howpsuzlygyny pikir edýän bolsa, tötänleýin SMS arkaly satylýan VPN-lerden ägä bolmaly. Sebäbi olaryň haýsy serwere birikýändigini, maglumatlaryň nirede saklanýandygyny ýa-da kimiň gözegçilik edýändigini bilmek mümkin däl” diýip, aşgabatly ussa aýdýar.

'Şübheli' VPN teklipleri öňem boldy

Türkmenistanda raýatlaryň mobil telefonlaryna VPN gurnap bermegi teklip edýän SMS-leriň gelip gowuşmagy öňem bolupdy. 2025-nji ýylyň başynda şeýle SMS-ler diňe käbir raýatlaryň telefonlaryna gelipdi. Şonda habarçylaryň maglumatlarynda, bularyň kim tarapyndan hödürlenýändiginiň belli däldigi we SMS-leriň ýurtda gadagan edilen neşirleri, saýtlary yzarlaýan adamlary anyklamak üçin häkimiýetler tarapyndan iberilýän bolmagy barada ilat arasynda howatyrlanmalary güýçlendirendigi aýdylypdy.

Ondan soň geçen ýylyň güýzünde Lebap welaýatynda mobil telefonlaryny satýan telekeçileriň we olary sazlamak işlerinden baş çykarýan ussalaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) kiberhowpsuzlyk bölüminiň ýasan VPN ulgamlaryny we serwerlerini satmaga mejbur edilýändigi belli bolupdy.

Soňky bir ýylyň dowamynda öňden bäri ýurtda petikli duran websaýtlaryň birden VPN-siz açylyp başlamagy ýaly ýagdaýlaryň hem birnäçesi ýüze çykypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG