27-nji oktýabr – Türkmenistanyň 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt diýlip yglan edilen güni we, dürli çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, ýurt içinde we daşynda bu taryhy güni ýatda saklaýan adamlar biri-birini, ozaly maşgala agzalaryny we soň iň gowy görýän ildeşlerini 'hakyky ýürege ýakyn gün' bilen gutlaýar. Şeýle-de, daşary ýurt ýolbaşçylarynyň arasynda hem türkmen prezidentini we halky ýurt garaşsyzlygynyň hakyky taryhy senesine gabat gutlaýanlar bar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni resmi ýagdaýda 2018-nji ýyldan bäri hakyky senesinden bir aý öň, 27-nji sentýabrda bellenilýär. Ýurt taryhyndaky iň möhüm senäniň näme üçin üýtgedilendigi aýdylmaýar we, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, köp adam bu ‘täzelige şindi hem öwrenişip bilmeýär’.
Halka geňeşilmedik, düşündirilmedik karar
“Bu halka geňeşilmän, bir adamyň islegi bilen kabul edilen karar. Biz görmesek-de, ýaş nesiller 27-nji oktýabryň ýene Garaşsyzlyk güni hökmünde resmi ýagdaýda baýram edilenini görer, bu ýalňyşlyk düzediler” diýip, ýerli synçy aýtdy.
Bu pikir bilen öňki türkmen diplomaty, 1991-nji ýylda Garaşsyzlyk güni baradaky kararyň kabul edilen ýygnagyna gatnaşan Nurmuhammet Hanamow hem ylalaşýar.
“O [Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni] 17-nji oktýabr, ony üýtgedeni bilen näme gazanýar, şu mahala çenlem bilip bilemizok. Ýöne özümiz, ýurt daşynda bir topar taýanlarymyz sentýabrda däl, 27-nji oktýabrda baýramçylygy belläp geçýäris. Özümizem şu gün belläp geçýäris. Şonuň üçin men, kim şol üýtgedilen taryhy [senäni] kabul etmeýän bolsa, şolaryň hemmesini hakykatdan Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýaryn” diýip, ýaşuly aktiwist Wenadan telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy we ilatyň işsizlikden dynyp, öz ýurdunda rahat ýaşamak baradaky arzuwynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi.
Türkmen metbugaty Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýazgylarynda ýurtda gazanylandygy aýdylýan ‘ägirt uly üstünlikleri’ tekrarlady. Emma ýaşaýjylar öz aralarynda gazanylan üstünlikler däl-de, ýalňyşlyklar, hususan-da ‘1991-1993-nji ýyllardaky ählumumy ruhubelentligiň, erkinlige, açyklyga we ösüşe bolan islegiň puja çykandygy’ barada gürrüň edýärler.
“Ösmegiň ýerine, tersine, näme üçin ýurdumyz dünýäniň iň bir repressiw ýurduna öwüldi?” diýen soragy berýän adamlar köp diýip, bir telekeçi aýtdy.
Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar we intelligensiýa wekilleri 1993-1994-nji ýyllarda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň populizme ýykgyn edip, kommunal hyzmatlary mugt etmek kararynyň aslynda ýurdy ýapyklyga we üzňelige eltendigini bellediler.
“1991-nji we 2026-njy ýyllardaky Türkmenistany deňeşdirip, haýsy ýagdaýlar barada has köp pikir edýärsiňiz?” diýip soralanda, habarçymyz bilen aýratynlykda söhbetdeş bolanlaryň aglabasy “1991-nji ýylda ertirki güne umydyň we ynamyň bolandygyny, 2026-njy ýylda hiç hili uzaga gidýän maksatlary planlaşdyrmagyň mümkin däldigini” bellediler.
Döwlete bolan ynama, umyda näme bolýar?
Birnäçe ýaşaýjy geçen 35 ýylda döwlete bolan ynamynyň, umydynyň ‘dolulygyna sowandygyny’ nygtap, halkyň ‘özgerişlere we reformalara teşnedigini’ öňe sürdüler.
Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan intelligensiýa wekilleriniň birnäçesi ‘35 ýyl mundan ozalky Türkmenistany uly nostalgiýa we göz ýaşly, ýagty ýatlamalar bilen ýatlaýandygyny’ aýtdy.
"1991-nji ýylyň güýzünde biz eýforiýada ýaşaýardyk, göräýmäge, garaşsyzlyk alnyp, öz ummasyz tebigy baýlyklarymyza, sowet döwründen galan ýukajyk-da bolsa, ýöne agramly ylmy we medeni intelligensiýa daýanyp, demokratik, dünýewi, hukuk döwletini gurarys, kyn-da bolsa, öz türkmen döwletimizi berkarar ederis diýen niýetlerimiz bardy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran intelligensiýa wekili aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şol wagtky ýurt ýolbaşçysy Nyýazow hem başda hiç hili "ak saçly perişde, baky beýik Serdar, Allanyň wekili, Jemşidiň jamy " däldi, adaty sowet nomenklaturasynyň wekili - prezident we birinji sekretar, ýoldaş Sapar Ataýewiç Nyýazowdy.
“Gazet-žurnallarda sosial we ykdysady meseleler boýunça tankydy makalalar, deputatlaryň soraglary we resmileriň düşündirişleri çap edilerdi. Hatda Saparmyrat Nyýazow hem obalara, şäherlere baranda, adamlar oňa öz soraglaryny we meselelerini aýdyp bilýärdiler” diýip, söhbetdeşimiz köp adamyň oý-pikirlerinde nähilem bolsa adaty bir postsowet, geçiş ýoluna düşen respublikany gurarys diýen düşünjeleriň ýörgünli bolandygyny belledi.
1992-1994-nji ýyllarda, Nyýazowyň adyny ýer-ýurt we beýleki obýektlere dakmak kampaniýasynyň möwç alýandygyna garamazdan, türkmen telewideniýesinde tematik gepleşikler guralardy, satira we ýumor gepleşikleri bardy, sosial meseleler boýunça reportažlar görkezilerdi diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy sözüni dowam etdirdi.
“Bir söz bilen aýdylanda, türkmen režimi heniz durmuş reallyklarynda ýaşaýardy we üzňelige tarap ilkinji ädimleri atýardy. Emma aradan 35 ýyl geçip, Türkmenistan dünýäniň iň bir repressiw we durmuş reallyklaryny hatda Demirgazyk Koreýanyň fonunda hem has gözgyny we akla sygmaýan ýagdaýda dolulygyna inkär edýän ýurduna öwrüldi.”
Prezidentiň sözlerini näme üçin diktoryň okamagynda diňlemeli?
Habarçymyz bilen pikirini paýlaşan adamlar, öňki iki prezidentden tapawutlylykda, Türkmenistanyň üçünji prezidentiniň öz sözleri bilen aýdan zatlaryndan doly diýen ýaly bihabar galýandyklaryny, döwlet baştutanynyň adyndan aýdylýan sözleriň 95% -ni döwlet telewideniýesiniň diktorynyň okamagynda diňleýändiklerini aýdýarlar.
“Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dolulygyna öz kakasynyň syýasy proýekti bolup galýandygy görünýär. Ýurt dünýäden maglumat we ulag üzňeliginde galýar" diýip, ýerli intelligensiýa wekili belledi.
Öňki diplomat Hanamow hem ýurtdaky ýolbaşçy çalyşmalarynyň üýtgeşiklige getirmeýändigini aýtdy.
“Indi häzir üçünji prezident, Serdar. Bu, dogrusyny aýtsak, düşünip hem bilemizok, bu prezidentmi ýa öňki prezidentiň görkezmesi boýunça hereket edýän prezidentmi, ýa nämemi, düşüner ýaly däl. Näme üçin diýseňiz, esasy ýurt daşyndaky ýygnaklara-da, ýurduň içindäki Kabul edilýän zatlaram, hemmesinde Gurbanguly… Arasynda Serdaryňam ady tutulýar welin, ýöne bir tüýsli, kän o diýen bir birinji lider hökmünde, kiçi dilden bärde diýen ýaly bolup ady tutulýar” diýip, Hanamow bu ýagdaýy geň görýändigini aýtdy.
Ýerli habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjylar, ýurt garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň fonunda, özleriniň ilkinji nobatda häkimiýetleriň we döwlet ýolbaşçylarynyň durmuş reallygyna dolanyp gelmegini isleýändiklerini, ýurtdaky bar bolan meseleleri boýun alyp başlamagyny we çözgütleri tapmaga girişmegini soraýandyklaryny nygtadylar.
Döwletde dolandyryş institutlarynyň 'işlemegi zerur'
Aýry-aýrylykda gürleşen ykdysatçylar we telekeçiler döwlet binýady bolan dolandyryş institutlarynyň kadaly işlemelidigini nygtadylar.
"Ýurdy döwlet edýän onuň prezidenti däl, ýurdy döwlet edýän onuň işleýän döwlet institutlary, ýagny, adyl sud, erkin parlament we halkyň we halkyň wekilleri bolan deputatlaryň öňünde hasabat berýän prezident, häkimler we ministrlerdir. Ýurtda prezidentden başlap arçynlara çenli hiç bir emeldar halkyň öňüne çykyp, onuň hiç bolmanda sosial we ykdysady soraglaryna jogap berip bilmese, ýurduň maliýe ykdysady we durmuş sosial ulgamlary düýbünden çöküp barsa, onda ol döwlete nädip we haýsy görkezijilere görä döwlet diýip bolar?" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ykdysatçy aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen telekeçi hem häzirki şertlerde Türkmenistanda ‘döwlet bolmak meselesiniň iki aýagy bilen agsaýandygyny’ öňe sürdi.
Paýtagtly syýasy synçy ýurtda reformalaryň, şol sanda syýasy özgertmeleriň geçirilmegini gaýragoýulmasyz mesele hökmünde häsiýetlendirdi.
"Türkmen häkimiýetleri ahyrynda ýurtda bar bolan meseleleri boýun almaga mejbur bolar, hemme kemçiligi ýaşyryp, baky bagtyýarlyk oýnuny oýnap bolmaýar. Sebäbi bu ýasamalykdan halk halys ýadady, halk erkinligiň we erkin sözüň, ykdysady ösüşiň we açyklygyň teşnesi bu gün" diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Şu aralykda “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty Müsüriň prezidenti Abdel Fattah Al-Sisiniň, Şri-Lankanyň prezidenti Anura Kumara Dissanaýakeniň türkmen prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlaglaryny çap etdi.
Azatlyk taryhy Garaşsyzlyk gününiň hiç bir düşündirişsiz üýtgedilmeginiň sebäpleri we ilatdaky pikirler, şol sanda daşary ýurt liderleriniň käbiriniň Berdimuhamedowy näme üçin Garaşsyzlyk gününiň öňki, ýatyrylan senesinde gutlandygy barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum