Ahally, 20 ýaşynyň aýaklaryndaky Meret (ady üýtgedildi — red.) türmeden boşanyna iki ýyl geçse-de, işe ýerleşip bilmeýändigini aýdýar. Habarçymyz bilen söhbetdeşliginde, ozalky bendiliginiň gündelik durmuşyna henizem täsir ýetirýändigini, iş gözlände-de, polisiýa bilen ýüzbe-ýüz bolanda-da özüne "gara donly" hökmünde garalýandygyny gürrüň berdi.
Merediň şahsyýeti we tussaglykda bolandygy baradaky maglumatlar redaksiýa mälim. Ol howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň we özüni tanadyp biljek beýleki maglumatlaryň gizlin saklanmagyny sorady.
“Häzir iş ýok, näme etjegimizem, näme etmelidigimizem bilemzok” diýip, ol özüniň we özi ýaly işe ýerleşip bilmeýän öňki üç bendiniň ýagdaýyny gürrüň berýär.
Azatlyga çykandan soň Meret ýerli polisiýada hasaba alnypdyr. Işe ýerleşmekde kömek beriljekdigi aýdylyp, zähmet biržasynda-da işsiz hökmünde bellige alnypdyr. Emma bellige alynmak onuň üçin aýlykly işe öwrülmändir. Ol ýüz tutan döwlet edaralarynyň-da, hususy iş berijileriň-de özüni işe almakdan ýüz öwürýändigini aýdýar.
"Iş bar" diýen habar
Meret özi ýaly işsiz galan öňki bendiler bilen polisiýa bölümine iş sorap baran gününi ýatlaýar. Irden baryp, öýlän sagat üçden soň "özlerine laýyk" işiň bardygyny eşidipdirler.
“Biz begenip: 'Nirede nähili iş bar? Biz işlejek, aýlyk näçekä?' diýip soramaga başladyk” diýip, Meret gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýerli polisiýa işgäri häkimlik bilen maslahatlaşylandygyny aýdyp, iki aýlyk wagtlaýyn işi hödürläpdir: pagta ýygmak ýa-da kerpiç zawodynda işlemek.
Pagta ýygyma baran her güni üçin 60 manat, üstesine-de ýygnan pagtanyň her kilogramyna 1-1.5 manada çenli töleg wada berlipdir. Kerpiç zawodynda bolsa günde 100 manat tölenjekdigi aýdylypdyr.
Bu işlere diňe saglygy ýaraýan adamlaryň alynjakdygy, beýlekileriň özbaşdak iş tapmalydygy hem mälim edilipdir. Merediň gürrüňine görä, oba hojalyk tehnikalaryny dolandyryp bilýänlere-de iş tapyp boljakdygy aýdylypdyr.
Ýöne ol agyr işleri ýerine ýetirmäge güýjüniň ýetmeýändigini aýdýar. Polisiýa bölümine bile baran öňki bendileriň arasynda-da saglygy şeýle işe ýaramaýan adamlar bolupdyr.
“Kerpiçi daşamaga, götermäge saglyk ýagdaýymyz ýetenok. Biz onsuzam horlanyp, keselläp, türmede kadaly bejergi alyp bilmän, saglygymyzy ýitirip geldik” diýip, Meret teklibi näme üçin kabul etmändiklerini düşündirdi.
Ol pagta ýygmak tejribesiniň hem ýokdugyny aýdýar. Öňki bendiler aýlykly iş sorap, yzyna gaýdypdyrlar.
Merediň aýtmagyna görä, türmede geçiren ýyllarynda hiç bir hünär öwredilmändir.
“Biz türmedekäk ençeme ýyl hiç iş etmän ýatyp-turdyk, hiç bir hünär hem öwretmediler” diýip, ol gürrüň berdi.
"Jenaýat bolsa, ýene soraga çagyrýarlar"
Meret iş gözlemek bilen birlikde polisiýa gözegçiliginiň hem durmuşynda dowam edýändigini aýdýar. Ýaşaýan ýerinde nähilidir bir jenaýat edilse, öňki tussaglygy sebäpli özünden güman edilýändigini gürrüň berýär.
“Bir ýerde jenaýat bolsa-da, ilki bizden güman edip, soraga çagyrýarlar” diýip, ol aýtdy.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri iş tapmagy we işe ýerleşen ýerlerini özlerine habar bermegi talap edýärler.
Şuňa meňzeş ýagdaý barada Azatlyk ozalam habar beripdi. Şonda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda türmeden boşan adamlar polisiýa çagyrylyp, nirede işleýändikleri, näme sebäpden işlemeýändikleri we nämeden eklenýändikleri barada sorag edilýärdi.
Habarçynyň gürleşen öňki bendileri bu soraglardan soň özlerine iş tapyp beriljekdigine anyk jogap alyp bilmändiklerini aýdypdylar.
Resmi görkezmelerde işe ýerleşdirmek tabşyrylýar
Türkmenistanda günä geçişlikler bilen boşadylýan adamlary işe ýerleşdirmek baradaky görkezmeler öňki ýyllarda ençeme gezek resmi derejede berildi.
Kanunda-da ozalky bendiler üçin goldaw göz öňünde tutulýar. “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” kanunyň 7-nji maddasy azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylan adamlary döwlet goldawyna mätäç toparlaryň hataryna goşýar.
Kanunyň 6-njy we 14-nji maddalarynda iş gözleýänlere işe ýerleşmekde, hünäre taýýarlanmakda we gaýtadan taýýarlanmakda ýardam bermek hem görkezilýär.
Meret iki ýyl bäri iş tapyp bilmezliginiň öýdäki gatnaşyklara-da täsir edýändigini, ýetmezçilik sebäpli maşgalada dawa-jenjeliň döreýändigini aýdýar.
Onuň bilen bile azatlyga çykan, bendilikde çörekdeş bolan ýoldaşlarynyň arasynda-da iş tapyp bilmeýänler bar. Meret olaryň daşary ýurda gidip gazanç etmek barada gürrüň edýändiklerini, ýöne munuň üçin hem ýol puluny tapmalydygyny aýdýar.
Ol häzir gündelik eklenç üçin başgalardan kömek soramaly bolýandygyny gürrüň berýär.
“Biz häzir hem adamlaryň gapysyny kakyp, bir zatlar diläp ýören bolduk” diýip, Meret sözüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum