Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Ýaşin ýekelik kamera ýerleşdirildi


Ilýa Ýaşin
Ilýa Ýaşin

Russiýada Moskwanyň Ukrainadaky urşuny tankytlany üçin 8.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin, bäş gün möhlet bilen ýekelelikdäki tussaglyga ýerleşdirildi. Bu barada 4-nji dekabrda onuň Telegram kanalynda habar peýda boldy.

Resmi düşündirişe görä, Ýaşin türmede täze baraklaryň gurluşyk işlerine gatnaşmakdan ýüz öwüreni üçin “jezalandyrylypdyr”.

Emma Ýaşin bu meseläniň, onuň geçen hepde sud diňlenişiginde Kremliň syýasatyny tankytlanyndan soň ýüze çykandygyny aýdýar.

Diňlenişikden soň, Moskwanyň sudy Ýaşine daşary ýurt agenti bilen bagly düzgünleri berjaý etmezlikde pul jerimesini saldy.

XS
SM
MD
LG