Ukrain ýazyjysy we aktiwisti Wiktoria Amelina 27-nji iýunda Russiýanyň Kramatorsk şäherindäki restorana uran raketa hüjüminde alan ýaralaryndan jan berdi. Ukrainanyň PEN kluby 2-nji iýulda Amelinanyň bir gün ozal aradan çykandygyny aýtdy.
37 ýaşly Amelina hüjüm wagtynda kolumbiýaly ýazyjylaryň wekiliýeti bilen “Ria Lounge” restoranynda otyrdy.
Amelina "Truth Hounds" adam hukuklary guramasy bilen hyzmatdaşlyk edip, Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri, rus goşunlarynyň Ukrainada eden uruş jenaýatlaryny dokumentleşdirmek bilen meşgullanýardy.
Kramatorsk hüjüminde 13 adam ölüp, 60 töweregi adam ýaralandy.