Ýewropaly ýaranlar bilen birnäçe günläp geçirilen maslahatlardan soň, Ukraina Birleşen Ştatlara parahatçylyk meýilnamasynyň soňky taslamasy boýunça öz jogabyny tabşyrdy diýip, "Axios" ukrain we amerikan resmilerine, "Bloomberg" agentligine salgylanyp habar berýär.
Milli Howpsuzlyk we Goranmak geňeşiniň sekretary Rustem Umerow bu jogaby ABŞ-nyň prezidentiniň wekilleri Stiw Witkoffa we Jared Kuşnere gowşurdy. Ukrain resmileriniň biriniň aýtmagyna görä, jogap "bularyň ählisini amala aşyrmak üçin" gerek bolan bellikleri we teklipleri öz içine alýar. Mundan başga, ol resminamada territoriýa we Zaporožiýa atom elektrik stansiýasy ýaly jedelli meseleleri çözmek babatynda täze pikirleriň hem bardygyny belledi.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski şu hepdäniň başynda “Bloomberg” agentligine beren interwýusynda gepleşikçileriň howpsuzlyk kepillikleri we Ukrainanyň gündogar sebitlerine gözegçilik etmek ýaly ýedi “ynjyk mesele” boýunça henizem ylalaşyga gelip bilmeýändigini aýtdy.
ABŞ we Ukraina 11-nji dekabrda Amerikanyň parahatçylyk meýilnamasynyň aýry-aýry ýerlerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirerler. “Axios” neşiriniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň we Ukrainanyň ýokary derejeli harby resmileri internet arkaly duşuşarlar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 10-njy dekabrda Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz bilen Ukraina barada pikir alyşdy.
"Biz Ukrainany gaty berk aňlatmalar esasynda maslahatlaşdyk we indi näme boljagyny göreris. Aýtmakçy bolýan zadym, mundan aňryk gitmezden ozal, biz jogaplary garaşýarys" diýip, "Axios" Trampyň sözlerine salgylanyp ýazdy.