Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marydaky tehnika ýetmezçiligi bugdaý ekişini 'yza çekýär'


"Netijede, olar döwlet traktory özbaşdak ýa öz hasaplaryna bejertmegi bes etdiler” (arhiw suraty)
"Netijede, olar döwlet traktory özbaşdak ýa öz hasaplaryna bejertmegi bes etdiler” (arhiw suraty)

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda bugdaý ekişi dowam edýär, ýöne çeşmeler ýurtdaky tehnika ýetmezçiliginiň köp potrat ýerindäki ekişiň gijikdirilmegine sebäp bolýandygyny, şol bir wagtda, tehnika ulanmak nobatynyň telefon jaňlary esasynda bozulyp, arkasyz kärendeçilerde uly nägilelik döredýändigini habar berýärler.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat Türkmenistanda her ýyl ýüzlerçe oba hojalyk tehnikasynyň satyn alynýandygyny, kärendeçileriň tehnika, dökün, suw bilen üpjün edilýändigini, ýokary hasyl almak üçin ähli mümkinçiligiň bardygyny tekrarlaýar. Emma daýhanlar bu sözleriň ýerlerdäki hakyky ýagdaýa düýpden ters gelýändigini, şol bir wagtda, ýurtdaky suw meselesiniň barha ýitileşýändigini aýdýarlar.


Azatlygyň habarçysy Oguzhan etrabyndaky potrat ýerleriniň köpüsinde häzire-bu güne çenli bugdaý ekişiniň başlanmandygyny habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen kärendeçiler bu ýagdaýy oba hojalyk tehnikalarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

Ilki ýokary wezipeli adamlaryň hossarlarynyň 'ekişini dynmaly'

“Meniň gapdalymdaky potrat ýeriň bugdaý ekişi tamamlandy. Indiki gezek meniňki, öz potrat ýerimde hem basym bugdaý ekişi tamamlanar diýip pikir etdim. Emma goňşy potratçynyň ekişi tamamlanyp-tamamlanmanka, bugdaý ekýän traktorça jaň geldi. Ol maňa ‘dynan bolsaň, derrew gel, başga potrat ýere geçmeli’ diýlendigini aýtdy. Şeýdip, meniň potrat ýerimdäki ekiş yza süýşdi” diýip, kärendeçi daýhan aýtdy.

Ol bu ýagdaýdan nägile bolup, brigadire jaň edendigini hem sözüne goşdy.

“Meniň potradym ekilmän galdy diýsem, ol maňa häzir ýokary wezipeli adamlaryň hossarlarynyň potradyny dynmaly, bolmasa bize işlemäge mümkinçilik bermezler diýdi.”

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen kärendeçiler bu ýyl ekerançylyk işleriniň ‘gaty gijikmek ähtimallygyndan alada galýandyklaryny’ aýtdylar.

“Häzir, tüýs gerek wagtynda, tehnikalar döwlüp, ýygy-ýygydan hatardan çykýar. “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň hünärmenleri döwlen traktorlary bejerip ýetişmeýär. Şu sebäpden dowamly tehnika ýetmezçiligi döreýär. Traktorçylar ozal öz aýlyk zähmet haklaryndan çykdajy edip, öz ulanýan tehnikalaryny bejerdýärdiler. Indi olaryň hem alýan aýlyklary öz çagalaryny eklemäge ýetse zor boldugy. Netijede, olar döwlet traktory özbaşdak ýa öz hasaplaryna bejertmegi bes etdiler” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý tehnika ýetmezçiliginiň has ýitileşmegine alyp gelýär.


Daýhanlar hökümetiň tehnika, tohum, dökün, suw bilen öz wagtynda, gijikdirmän üpjün etmek barada berýän wadalarynyň hemişe ‘gürrüňlidigini’, üstesine, kärendeçileriň hemişe diýen ýaly ‘ala tutulýandygyny’, ‘hossarly’ diýilýän kärendeçileriň tehnika hyzmatyny hem, beýleki hyzmatlary hem ilki alýandygyny aýdýarlar.

“Ekişden gijä galan, gijikdirilip ekilen potrat ýerlerinde bugdaý giç ýetişýär, emma bu ýagdaýlary nazarda tutýan ýolbaşçy ýok. Olar, oturan ýerlerinden, daýhanyň ýagdaýyny bilmän, her gektardan tonnalap bugdaý hantama bolýarlar we, şo diýenleri bolmasa, potratçyny günäli çykaryp, bergili edýärler” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi bu ýagdaýy köp potratçynyň tassyklajakdygyny hem sözüne goşdy.

Netijesiz reformalar mejbury zähmeti 'köpeldýär'

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň oba hojalygynda uly özgertmeleriň geçirilýändigi, daýhanlaryň netijeli işlemegi, ýokary hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi aýdylýar. Ýöne Azatlyk resmilerden bu reformalar barada anyk düşündiriş alyp bilmeýär, gazanylýan uly üstünlikler barada berilýän dabaraly habarlara garamazdan, ýurt jikme-jik maglumat üçin ýapyk bolmagynda galýar.

Garaşsyz neşirlere, sosial media syzdyrylýan maglumatlara görä, Türkmenistanda diňe ekiş, ekine ideg işleri däl, ýetişen hasyly ýygnap almak işleri hem ‘iki aýagy bilen agsamagyny’ dowam etdirýär.

Resmi habara görä, türkmen prezidenti 1-nji dekabrda degişli ýolbaşçylara meýdandaky pagtanyň ‘bir übtügini hem galdyrman’ ýygnamagy tabşyrdy.

Şu aralykda, “Turkmen.news” neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasyly doly ýygnalman, uly zaýaçylyga ýol berilýär, sebäbi pagta ýygmak üçin el güýji, adam ýetmeýär.


“Dürli derejedäki resmilere degişli ýüzlerçe gektar meýdanda öz wagtynda defoliýasiýa, ýaprak düşürmek işleri geçirilmedi, şonuň üçin [bu meýdanlara] kombaýnlary salyp bolmaýar; häzirki zaman baýlary (ýer eýeleri) hakyna tutulan ýygymçylara ýeterlik hak tölemek islemeýärler, ýerli häkimiýetleriň özlerine býujet işgärlerini ibermegine umyt baglaýarlar” diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Ýatlatsak, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden ikinji oba hojalyk özgertmesinde hususy telekeçilere has kän ýer böleklerini bermek we oba hojalyk işleriniň has netijeli bolmagyny gazanmak nazarda tutulypdy.

Ýerli hünärmenler, synçylar uly ýer böleklerini alan täsirli adamlaryň oba hojalygynda ulanylýan mejbury zähmetiň has köpelmegine sebäp bolandyklaryny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG