Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Odesanyň üstünde Russiýanyň atan 18 dronuny urdy – harbylar


Ukraina Russiýanyň atan dronuny urdy
Ukraina Russiýanyň atan dronuny urdy

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklary 5-nji martda irden Russiýanyň ýurduň günortasyndaky Odesa regionyna atan 22 dronunyň 18-sini ýok etdi. Bu barada harbylar mälim etdi.

Maglumatda hüjümde Gara deňziň kenaryndaky şäheriň raýat we senagat sebitleriniň nyşana alnandygy aýdylýar.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukraina bilen serhetde ýerleşýän Belgorod şäheriniň üstünde Ukrainanyň üç dronunyň urlandygyny habar berdi.

Kiýew Russiýanyň bu öňe sürmesi boýunça entek beýanat bermedi.

XS
SM
MD
LG