Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina özüne berlen F-16-lary diňe öz çäginde ulanyp biler - Goranmak ministri


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski F-16 söweş uçarynda otyr. 2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda Daniýanyň demirgazygyndaky Skrydstrup howa bazasynda düşürilen surat.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski F-16 söweş uçarynda otyr. 2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda Daniýanyň demirgazygyndaky Skrydstrup howa bazasynda düşürilen surat.

Ukraina Daniýa we Gollandiýa tarapyndan peşgeş berlen F-16 söweş uçarlaryny diňe öz territoriýasynda ulanyp biler diýip, Daniýanyň goranmak ministri Ýakob Ellemann-Jenseniň 21-nji awgustda aýdandygy habar berildi.

Daniýa we Gollandiýa 20-nji awgustda Ukrainany F-16 söweş uçarlary bilen üpjün etjekdiklerini habar berdiler.

Bu uçarlaryň ilkinji alty sanysy Kiýewe Täze ýyl töwereklerinde gowşurylar.

"Biz ýaragy duşmany Ukrainanyň çäginden kowup çykarmak üçin ulanylan şertinde berýäris" diýip, Ellemann-Jensen aýtdy.

Daniýa jemi 19 uçar iberer. Gollandiýada 42 sany F-16 kysymly uçar bar.

XS
SM
MD
LG