Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň nobatdaky dron hüjümini serpikdirdi


Russiýanyň Donetsk regionyna uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Donetsk regionyna uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk regionyny nyşana almagy netijesinde asuda ilatyň arasyndan azyndan 10 adam ýaralandy. Bu barada regional häkim Ihor Moroz 30-njy noýabrda aýtdy.

Bu aralykda, içeri işler ministr Ihor Klymenkonyň beren maglumatyna görä, Russiýanyň güýçleri regionyň Pokrowsk, Nowogrodiwka we Nyrnograd etraplaryna zarba urupdylar, şeýle-de Pokrowska S-300 kysymly alty raketa atypdyrlar.

“Zarbalaryň netijesinde 10 adam, şol sanda dört çaga ýaralandy. Häzirki wagt harabaçylygyň aşagynda galan adamlaryň gözlegi dowam edýär” diýip, Klymenko belledi.

Ukrainanyň harby howa güýçleri 30-njy noýabrda irden Russiýanyň hüjüm üçin atan Eýranda öndürilen 20 dronunyň 14-siniň urup düşürilendigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG