Türkmenistanda “hereket, söz we beýleki azatlyklary ýowuz çäklendirilen, ýurtda boýna dakylan durmuş, iş, gazanç şertleri bilen düýpden ylalaşmaýan raýatlaryň arasynda ugur-ýoluny tapyp, zähmet migrasiýasyna çykmaga çalyşýanlaryň sany barha köpelýär” diýip, ýerli çeşmelerimiz habar berýär. Synçylar zähmet migrasiýasyna çykýanlaryň bu ýylam, öňki ýyllarda bolşy ýaly, tomus aýlaryndaky dynç alyş möwsüminden ‘peýdalanmaga mejbur bolandyklaryny’ aýdýarlar.
Azatlygyň habarçylary bu maglumat bilen gyzyklanyp, bilim, saglyk edaralarynda işleýän raýatlaryň birnäçesi bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldular.
Balkan sebitindäki habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmenler zähmet rugsadyndan öňünden aýtman işden çykmak we daşary ýurtlara gitmek üçin ‘peýdalanan bilim we saglyk işgärleriniň sanynyň eýýäm ýüzlerçe bolandygyny’ aýtdylar.
Ýapyklyk gidýänleriň sanyny anyklamaga ýol bermeýär
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, garaşsyz neşirleriň işgärleriniň ýüzbe-ýüz bolýan howply ýagdaýlary sebäpli, Türkmenistandaky iş, aýlyk şertleri bilen ylalaşman, daşary ýurtlara işlemäge giden adamlaryň anyk sanyny bilip bolmaýar.
“Adamlar her ýyl dynç almak bahanasy bilen ýurtdan çykyp, eklenç zerurlyklary üçin zähmet migrasiýasyny saýlap alanlaryň hataryna goşulýarlar. Olaryň işlän edaralarynyň ýolbaşçylary bolsa, işini taşlan lukmanyň, mugallymlaryň daşary ýurtlaryň birine çykmankalar, öňünden ýazyp, garyndaşlaryna goýup giden arzalaryny kabul etmeli bolýarlar” diýip, ýerli çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bilimli, hünärli we tejribeli raýatlaryň köpçülikleýin işden çykmagy häkimiýetlere ýaranok, ýöne olar bu ýagdaýyň mümkin bolan sebäplerini agzamaga çekinip, bu hili işgärleri ‘öz islegi bilen işden boşan hünärmenler’ hökmünde resmileşdirýärler.
Balkanabat şäheriniň özünde şu günler ýüze golaý mugallymyň we saglyk işgäriniň daşary ýurtlara gidendigi anyklandy diýip, bilim pudagyndaky çeşme habarçymyza aýtdy. Onuň ady redaksiýada saklanýar.
“Balkanabadyň 1-nji, 6-njy, 3-nji, 7-nji, 9-njy, 11-nji we 14-nji mekdeplerinde işlän, ýaşy 50-ä hem ýetmedik onlarça mugallym soňky günlerde, otpuska bahanasy bilen, Ýewropa ýurtlaryna, Orsýet we Türkiýe ýaly döwletlere zähmet migrasiýasyna çykmagy başarypdyr” diýip, mekdep direktorynyň orunbasary bolup işleýän çeşme aýtdy.
Gidýänleriň sanynyň ençeme esse köpelendigi öňe sürülýär
Ýerli hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, şu ýyl Balkan welaýatyndan daşary ýurtlara işlemäge gidýän lukmanlaryň sany, geçen ýyldaky resmi däl görkeziji bilen deňeşdirilende, takmynan 5 esse töwereginde köpelendir öýdülýär. Bilim pudagyndaky hünärmenler hem işden çykýan mugallymlaryň sanynyň geçen ýyldaka garanda has köpelendigini öňe sürýärler.
Emma Azatlyk bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär. Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet edarasy ýurtda ýetişdirilýän kadrlar, olaryň näçe göteriminiň öz ugrundan näçe ýyl işleýändigi, näçe göteriminiň hünärini üýtgedýändigini ýa daşary ýurtlara çykyp gidýändigi baradaky anyk sanlary çap etmeýär.
“Men [işden çykýanlaryň] arzalaryny welaýat bilim bölümine tabşyrmaga baranymda, beýleki etrap bilim bölümlerinde işleýän kärdeşlerimiz hem işini taşlap, daşary ýurtlara giden mugallymlaryň işden boşamak hakyndaky arzalaryny getirip, welaýat bilim bölümine tabşyrýan eken. Iň gynandyrýan zat, hut welaýat bilim müdirligindäki kadrlar bölüminiň başlygy we birnäçe hünärmen hem işlerini taşlap, Polşa, Germaniýa gidipdir” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Ol uly başlygyň häzir zähmet rugsadyna çykyp, beýleki ýolbaşçylar bilen Awazada dynç alýandygyny, welaýat, etrap bilim bölümleriniň başlyklarynyň orunbasarlarynyň işläp oturandygyny hem sözüne goşdy.
“Olar [başlyklar] Awazadan dolanansoň näme diýerler… Onsuzam kadr ýetişmezlik edýän bir döwürde… daşary ýurtlaryň ýokary okuwlaryny tamamlanlary mejbury işe alyp işledäýmesek, başga çäre galmady” diýip, balkanly hünärmen aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar we ýerli synçylar zähmet migrasiýasyna gidýänleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagyny ýurtdaky aýlyk, gazanç şertleriniň pes bolmagy, durmuşyň bolsa barha gymmatlamagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Aýlyklaryň köpeldilmezligi ilatyň 'gowulaşma bolan umydyny üzdi'
Dürli ugurlardaky hünärmenleriň tassyklamagyna görä, bu ýyl aýlyklaryň 10% hem köpeldilmezligi býujet edaralarynda işleýän adamlaryň ýagdaýyň gowulanmagy baradaky umytlaryny ‘gaty peseldip’, zähmet migrasiýasyna çykmak kararyna gelýänleriň has-da köpelmegine itergi berdi.
Galyberse, synçylar az sanly gurply adamlaryň tutýan toýlarynyň, ýaşaýan uly jaýlarynyň, münýän gymmatbaha ulaglarynyň býujet edarasynyň aýlygyna zordan güzeran aýlaýan adamlary, olaryň çagalaryny ‘gaty kemsindirýändigini’ öňe sürýärler.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen balkanly raýat synçylaryň bu pikiri bilen ylalaşyp, gurply adamlar tarapyndan ‘çişirilen toý däpleriniň’ çykdajylarynyň ýönekeý adamlaryň aýlyklary bilen bir ýere sygyşmaýandygyny aýtdy.
“Döwletimiz 3-5 müň manat zähmet haky bilen halky ýurtda saklamagy başarmaz. Sebäbi [adamlar] ogul öýermeli, gyz çykarmaly… Oglany, gyzy öýli-işikli etmäge, türkmen däplerine hökümetiň berýän puly ýetmeýär. Diňe lukmanlar, mugallymlar däl, polisiýanyň ofiserleri hem Türkmenistandaky aýlyk hakynyň gelejekdäki däpleri ýerine ýetirmäge ýetmejekdigine düşünýär we daşary ýurtlara gidýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen býujet işgärleri häzirki zähmet hakynyň diňe iýjek çöreklerine ‘zordan ýetýändigini’ aýtdylar.
'Baýlaryň toýlary beýlekileri çykalga gözlemäge iterýär'
Anonimlik şertinde gürleşen polisiýa ofiseri 5,500 manat möçberinde aýlyk hakyny alýandygyny, emma munuň maşgala eklemek üçin ýeterlik bolmaýandygyny aýtdy.
“…etiň 1 kilogramy 200 manada çykdy, 1 çörek 10, 20 manat aralygynda bahalanýar. Nobatçy duranymyzda nahar sargyt edip iýsek, 200 manat pulumyz çykýar. Gazananymyz çörekden artanok” diýip, balkanly polisiýa işgäri aýtdy.
Şu aralykda sosial mediada paýlaşylan wideolaryň birinde köçelerinde adam görünmeýän oba ýeri görkezilip, ýaşaýjylaryň daşary ýurtlara dynç almaga gidendigi bellenýär.
Bu ýagdaý barada Içeri ministrliginden, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Türkmen hökümetiniň geçendigi aýdylýan mejlisleri barada berilýän we onlarça ýyl bäri mazmuny üýtgemeýän habarlarda, döwlet eýeçiligindäki metbugatda ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, saglyk, bilim meseleleri bilen bagly korrupsiýa, ilatyň esasy ‘çykalasyna’ öwrülendigi aýdylýan zähmet migrasiýasy, ýitileşýän maşgala, migrasiýa meseleleri agzalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum