Barak Obama 2008-nji ýylyň 4-nji noýabrynda saýlawda ýeňiş gazanyp, Bireleşen Ştatlaryň 44-nji prezidenti boldy. Illinoýs statyndan bolan demokrat senatoryň ilkinji garaýagyz kandidat hökmünde prezidentligi gazanmagy taryhy waka bolup, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Obama özünden öňki prezident Jorj Buşdan kynçylykly problemlar miras galdy: ýaramaz ykdysadyýet, Yrak we Owganystanda barýan uruşlar. Galyberse-de, “terrora garşy uruş” sebäpli Birleşen Ştatlaryň abraýyna halkara derejesinde zyýan ýetipdi. Ine, Obamanyň prezidentlik döwrüniň iň möhüm pursatlaryndan suratlar:
Obamanyň prezidentligi suratlarda
22
2016-njy ýyl, 10-njy noýabr, Obama prezidentlige saýlanan Donal Tramp bilen onuň saýlawda gazanan ýeňşinden az wagt soňra Owal ofisde gürleşýär. Gürrüň häkimiýetiň kynçylyksyz indiki prezidente geçirilmegi barada.