Barak Obama 2008-nji ýylyň 4-nji noýabrynda saýlawda ýeňiş gazanyp, Bireleşen Ştatlaryň 44-nji prezidenti boldy. Illinoýs statyndan bolan demokrat senatoryň ilkinji garaýagyz kandidat hökmünde prezidentligi gazanmagy taryhy waka bolup, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Obama özünden öňki prezident Jorj Buşdan kynçylykly problemlar miras galdy: ýaramaz ykdysadyýet, Yrak we Owganystanda barýan uruşlar. Galyberse-de, “terrora garşy uruş” sebäpli Birleşen Ştatlaryň abraýyna halkara derejesinde zyýan ýetipdi. Ine, Obamanyň prezidentlik döwrüniň iň möhüm pursatlaryndan suratlar:
Obamanyň prezidentligi suratlarda

1
Barak Obama 2009-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň 44-nji prezidenti bolup, kasam etmek üçin aýaly Mişel we gyzlary Malia we Saşa bilen podiuma tarap barýar.

2
Amerikan prezidenti Barak Obama 2009-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Ak tamda Owal ofise girmäge taýýarlanýar. Obama wezipe başyna gelen ilkinji günlerinde Kubanyň Guantanomo aýlagyndaky türme lagerindäki işleri 120 günläp togtatmaly edip, lageriň bir ýylyň içinde ýapylmagyny buýurdy. Ýöne onuň prezidentlik möhleti tamamlansa-da, bu türme lageri öz işini şindi-de dowam etdirýär.

3
2009-njy ýylyň 27-nji fewralynda Demirgazyk Karolinadaky harby bazada çykyş eden Obama Birleşen Ştatlaryň Yrakda alyp barýan söweş operasiýalary 2010-njy ýylyň 31-nji awgustynda soňlanmaly diýip, sene belledi. Onuň oruntutary Donald Tramp ýaragly güýçleriň çekilmegi boşluk döredip, Yslam döwleti atly jeňçi toparyň döremegine getirdi diýýär.

4
Obama 2009-njy ýylyň 5-nji aprelinde Çehiýa respublikasynyň paýtagty Pragada Çehoslowakiýanyň ilkinji prezidenti Tomas Garrigue Masarygyň heýkeliniň ýanynda söz sözleýär. Obama eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň “ýadro ýaragsyz dünýäniň parahatçylygy we howpsuzlygy ugrunda” tagalla etjekdigini wada etdi.