Wakalara baý ýylyň başynda Donald Tramp dabara bilen prezidentlik wezipesine girişdi. Ýylyň dowamynda Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy harby ýeňişler gazanyldy, Orsýetiň dürli künjeklerinde hökümete garşy protest çäreleri geçirildi we birnäçe döwletde terror hüjümleri amala aşyryldy. Aşakdaky suratlar 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryndan käbirlerini görkezýär.
2017-nji ýyl suratlarda
9
Musulyň “Yslamy döwleti” jeňçileriniň gözegçiligindäki çäginden gaçyp, yrakly ýörite güýçleriň gözegçiligindäki teritoriýa golaýlaşýan adam elinde gyzyny göterip gelişine aglaýar. 4-nji mart, 2017 (Reuters/Goran Tomaşewiç)
10
Belarusyň Misnk şäherinde “sosial parazitler atly kanuna” garşy gurnalan ýöriş. 15-nji mart, 2017. Müňlerçe adam işsiz adamlara goşmaça salgyt girizýän kanuna protest bildirdi. (AÝ/AR)
11
“OMON” güýçleri Moskwada protestçini saklaýar. 26-njy mart, 2017. Orsýetde hökümete garşy geçirilen iň uly protest çärelerinde 1 müňden gowrak adam polisiýa tarapyndn tussag edildi. (EPA/Maksim Şipenkow)
12
Bir harby we onuň gyzy Demirgazyk Koreýanyň Phenýan şäherinde ýokary lider Kim il-sungyň dünýä inmeginiň 105 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäginde geçirilen gül sergisine gatnaşýar. 16-njy aprel, 2017. (EPA-EFE/How Hwee Young)