Wakalara baý ýylyň başynda Donald Tramp dabara bilen prezidentlik wezipesine girişdi. Ýylyň dowamynda Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy harby ýeňişler gazanyldy, Orsýetiň dürli künjeklerinde hökümete garşy protest çäreleri geçirildi we birnäçe döwletde terror hüjümleri amala aşyryldy. Aşakdaky suratlar 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryndan käbirlerini görkezýär.
2017-nji ýyl suratlarda
13
Prezident Rejep Taýyp Erdogana häkimiýet başynda täze mümkinçiliklere ýol açan referendumda türkler Stambulda dynç güni ses berýär. 16-njy aprel, 2017. (Getty Images/NurPhoto/Jodi Hilton)
14
Rumyniýanyň Geamana obasynyň golaýyndaky Rosia Poieni mis magdanyna gark bolan bir jaý. 21-nji aprel, 2017. (AÝ/AR, Amos Çappl)
15
Bir adam wepat bolan çaganyň jansyz bedenini göterip barýar. BMG-niň derňew topary Han Şeýhun şäherinde Siriýanyň Howa güýçleriniň himiki hüjümi amala aşyrandygyny aýtdy. 4-nji aprel, 2017. (Reuters/Ammar Abdullah)
16
Wenezuallanyň prezidenti Nikolas Maduro garşy guralan demonstrasiýanyň çäginde protestçiler Karakasda şaýoly petikleýär. 27-nji maý, 2017. (AFP/Huan Barreto)