Wakalara baý ýylyň başynda Donald Tramp dabara bilen prezidentlik wezipesine girişdi. Ýylyň dowamynda Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy harby ýeňişler gazanyldy, Orsýetiň dürli künjeklerinde hökümete garşy protest çäreleri geçirildi we birnäçe döwletde terror hüjümleri amala aşyryldy. Aşakdaky suratlar 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryndan käbirlerini görkezýär.
2017-nji ýyl suratlarda
17
Eýranyň polisiýasy Tähranda raýatlaryň parlament binasyndan gaçyp çykmagyna ýardam berýär. Parlamente we Eýranyň ozalky ýokary lideri Aýatolla Homeýniniň gubyrlaryna edilen hüjümlerde azyndan 12 adam öldi. 7-nji iýun, 2017. (EPA-EFE/Omid Wahabzadeh)
18
Londonda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň birini ot-ýalyn we tüsse gurşap alypdyr. 14-nji iýun, 2017. “Grenfell” diňinde dörän ýangynyň netijesinde 71 adam, şol sanda çagalar wepat boldy. Heläkçiligiň sebäpleri barada dekabr aýynda resmi derňew başladyldy. (Reuters/Toby Melwil)
19
Germaniýanyň Hamburg şäherinde 20-ler toparynyň sammitiniň çäginde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilkinji gezek duşuşýar. 7-nji iýul (Reuters/Karlos Barria)
20
Srebrenisa gyrgynçylygynda pida bolan 71 adamyň jesedi tabytda jaýlanmaga garaşýar. 11-nji iýul, 2017. Her ýyl anyklanan jesetleri jaýlamaga dowam edilýär. Noýabr aýynda BMG-niň tribunaly ozalky bosniýaly serb komandiri Ratko Mladiçi Srebrenisa gyrgynçylygy boýunça genositde günäli tapdy. (AÝ/AR, Midhat Poturowiç)