Wakalara baý ýylyň başynda Donald Tramp dabara bilen prezidentlik wezipesine girişdi. Ýylyň dowamynda Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy harby ýeňişler gazanyldy, Orsýetiň dürli künjeklerinde hökümete garşy protest çäreleri geçirildi we birnäçe döwletde terror hüjümleri amala aşyryldy. Aşakdaky suratlar 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryndan käbirlerini görkezýär.
2017-nji ýyl suratlarda
21
Günorta Osetiýa bilen araçäkleşýän Berşueti obasynyň golaýynda gürjüstanly talyplaryň we aktiwistleriň guramagynda geçirilýän protest çäresine gatnaşyjylaryň ikisi. Protestçiler Orsýetiň Gruziýanyň araçägini assyrynlyk bilen gysyp, süýşürýändigini öňe sürýärler. 7-nji awgust, 2017. (AÝ/AR, Mzia Saganelidze)
22
Londonda geçirilen Ýeňil-atletikaçylar federasiýasynyň halkara bileleşiginiň dünýä çempionatynda erkekleriň 4 x 100 metr aralyga estafeta ýaryşynyň jemleýiji tapgyrynda ýaralanan ýamaýkaly Usain Bolt (merkezde) reaksiýa görkezýär. 12-nji awgust, 2017. (EPA-EFE/Srdjan Suki)
23
Barselonada 13 adamyň ölümine ýol açan ýük ulagly hüjümiň pidalarynyň ýasyny tutýan adamlar. Agzalýan hüjüm 2004-nji ýylda Madridde bolup geçen bomba partladylmagyndan bäri Ispaniýada amala aşyrlan iň agyr hüjüm boldy. 20-nji awgust, 2017. (Reuters/Susana Wera)
24
Owgan polisiýasy Kabuldaky şaýy musulmanlaryň metjidine jeňçileriň amala aşyrýan hüjüminde bir çagajygy halas edýär. 25-nji awgust, 2017. (Reuters/Omar Sobhani)