Şu ýyl dünýä metbugatynyň sözbaşylarynda terrorizm we bosgunlar baradaky maglumatlar hemişekisinden has köp boldy. 1 milliondan gowrak adam öz ýurtlaryndaky konfliktden gaçyp, Ýewropa akym eden mahaly, söweşijiler öz hüjümleriniň gerimini Siriýadan Parižiň köçelerine çenli ýaýbaňlandyrdylar. Aşakdaky fotosergide 2015-nji ýylda bolan möhüm wakalarda surata düşürilen şekillere syn edip bilersiňiz.
2015-nji ýyl suratlarda

1
Orsýetiň günortasyndaky Mussa-Açitara dagyndaky Dombaý şäherçesinde ýerleşýän kafede rus prezidenti Wladimir Putiniň diwarda asylan portreti. 2-nji ýanwar, 2015 ý. (Reuters/Eduard Korniýenko)
2
Owganystanyň paýtagty Kabulda adamlar janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran hüjüminiň bolan ýerinden gaçýarlar. Şol hüjümde Ýewropa Bileleşiginiň polisiýa missiýasynyň ulagy nyşana alnypdy. 5-nji ýanwar, 2015 ý. (epa/Jawad Jalali).
3
Liwanyň paýtagty Beýrudyň günortasyndaky Ketermaýa obasynda ýerleşýän wagtlaýyn jaýlaryň biriniň öňünde duran siriýaly bosgun gyz. Garyň ýagmagy we ýeliň turmagy netijesinde Liwanyň Bekaa jülgesindäki käbir wagtlaýyn jaýlar ýumrulypdy. (Reuters/Ali Haşişo)
4
2015-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Parižde adamlar terrorizme garşy ýöriş geçirmek üçin ýygnandylar. Fransiýadaky “Charlie Hebdo” satiriki žurnalyna ýaragly adamlaryň ot açmagy netijesinde 17 adam heläk bolupdy. Şol helak bolan adamlaryň hatyrasyna ýüz müňlerçe adam we 40-dan gowrak dünýä lideri Parižde geçirilen ýörişe gatnaşdylar. (epa/Frederic Won Erihsen)