Şu ýyl dünýä metbugatynyň sözbaşylarynda terrorizm we bosgunlar baradaky maglumatlar hemişekisinden has köp boldy. 1 milliondan gowrak adam öz ýurtlaryndaky konfliktden gaçyp, Ýewropa akym eden mahaly, söweşijiler öz hüjümleriniň gerimini Siriýadan Parižiň köçelerine çenli ýaýbaňlandyrdylar. Aşakdaky fotosergide 2015-nji ýylda bolan möhüm wakalarda surata düşürilen şekillere syn edip bilersiňiz.
2015-nji ýyl suratlarda

17
Suwdan doldurylan gaplara daňylan ýüp ýer titremede ýaralanan gyzjagazyň aýagyny çekip saklamak üçin ulanylýar. Bu surat 2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde Nepalyň Kathmandu sebitindäki keselhanadan düşürilipdi. (Reuters/Daniş Siddiki)
18
2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde Minskde bir oglanjyk telewizoryň golaýynda oturyp, belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenkanyň ýyllyk çykyşyna tomaşa edýär. (AFP/Sergeý Gapon)
19
2015-nji ýylyň 6-njy maýynda Damask şäherinde Gyzyl ýarymaý jemgyýetine edilen hüjümden soň, dört ýaşyndaky Gazal (çepde), 8 aýlyk Suhairi göterip barýan ýedi ýaşyndaky Judy bilen gaçyp barýar. (Reuters//Bassam Habieh)
20
Tähranyň “Azadi” stadionynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) kubogy ugrunda geçirilýän futbol ýaryşynyň dowamynda Eýranyň “Persepolis” futbol komandasynyň tarapdarlary öz toparyny goldap çykyş edýärler. 2015-nji ýylyň 19-njy maýynda geçirilen şol ýaryşda Eýranyň topary Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” komandasy bilen ýaryşypdy. (AFP/Atta Kenare)