Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýandeksiň” esaslandyryjysy Wolož Russiýanyň Ukraina eden “wagşy” hüjümini ýazgardy


 “Ýandeksiň” esaslandyryjysy Arkadiý Wolož rus prezidenti Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty
“Ýandeksiň” esaslandyryjysy Arkadiý Wolož rus prezidenti Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty

Russiýanyň internet ägirdi “Yandeksiň” esaslandyryjysy Arkadiý Wolož 10-njy awgustda Russiýanyň Ukraina goşun sürmegini ýazgaryp, ony “wagşyçylykly” çozuş diýip häsiýetlendirdi. Ol bu sözleri Russiýada özüni ýurtdan ara açmak synanyşygy sebäpli tankyt edenlerinden birnäçe gün soň aýtdy.

Wolož şahsy web sahypasynda özüni "Gazagystanda doglan, Ysraýyl tehnologiýa telekeçisi" diýip häsiýetlendirdi we, görnüşinden, Russiýa bilen baglanyşyklarynyň ähmiýetini peseldeni sebäpli tankyt edildi.

Şeýle-de, ol Russiýanyň hereketlerine garşy çykýanlar tarapyndan urşa garşy has berk çykyş etmezlikde tankytlanýar.

Ýewropa Bileleşigi 2022-nji ýylyň iýunynda sanksiýalar sanawyna goşanyndan soň, Woloz özüniň baş direktorlyk wezipesinden çekildi.

XS
SM
MD
LG