Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa Ukrainanyň goranyş ukyplylygyny artdyrmak üçin goşmaça maliýe berýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawa. Kiýew. 7-nji ýanwar
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawa. Kiýew. 7-nji ýanwar

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawa, öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kiýewe gelende, öz ýurdunyň Ukrainanyň Russiýanyň basybalyjylykly söweşine garşy duruş tagallalaryna goldawyny gaýtalady.

Ol Tokionyň Ukrainanyň dronlary ýüze çykarmak ulgamlaryny satyn alyp bilmegi üçin goşmaça $37 million goýberýändigini mälim etdi.

“Men ýene bir gezek Russiýanyň dürli regionlara, şol sanda Kiýewe, hatda Täze ýyl baýramçylyk günleri hem amal edýän raketa we dron hüjümlerini berk ýazgarýaryn” diýip, Kamikawa özüniň ukrainaly kärdeşi Dmytro Kuleba bilen geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol paýtagtda howa hüjüminden goranyş signallarynyň yglan edilmegi sebäpli, metbugat ýygnagyny bukalgada geçirmeli boldy.

XS
SM
MD
LG