Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýarawsyz ýaşulularyň 'oturgyç dilegi' näme üçin bitmeýär?

Aşgabat. Bezeg suraty
Aşgabat. Bezeg suraty

Maryly ýaşulular indi birnäçe ýyl bäri häkimiýetlere ýüz tutup, dermanhanalaryň daşyndaky nobat wagtynda dyz eper ýaly şert döredilmegini, 'skameýkalaryň yzyna getirilmegini' soraýarlar, emma bu ýönekeý haýyş ýerine ýetirilmän gelýär, raýatlar Azatlygyň üsti bilen seslerini eşitdirmek isleýärler diýip, habarçymyz ýazýar.

Synçylar türkmen häkimiýetleriniň ‘skameýka söweşiniň’, jemgyýetçilik ýerlerindäki oturgyçlary kesgin azaltmagynyň ýurtdaky syýasy-ykdysady ýagdaý bilen baglydygyny we bu golaýlarda ‘bes edilmejegini’ öňe sürýärler.

Bu habar prezident Berdimuhamedowyň “Arçman” şypahanasyna baryp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň barşy bilen tanşan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Synçylar ýurduň paýtagtyna we onuň töweregine ummasyz döwlet serişdeleriniň harçlanyp, sebitlerdäki infrastrukturanyň gözden salynýandygyny we etrap, oba ýerlerindäki adamlaryň bu ýagdaýdan gaty nägile bolýandygyny aýdýarlar.

Mary häkimliginden edilen haýyşlar 'haýyrsyz boldy'

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly adamlar häkimlige ençeme gezek ýüz tutandyklaryny aýtdylar.


“Biz eýýäm häkimlige iki ýyl bäri ýüz tutýarys, emma biz ýaly garrylaryň aladasy edilmeýär. Saglyk ýagdaýymyz sebäpli her gün diýen ýaly dermanhanalara gatnamaly bolýarys. Ol ýere baranymyzda aýak üstünde durup, uzak waglap nobatymyza garaşýarys” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşuly aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimlige baran ýaşulular dermanhanalaryň daşynda garaşýan adamlar oturar ýaly skameýka goýulmagyny soraýarlar.

“Diňe skameýka däl, gün şöhlesinden, ýagyş-ýagmyrdan goranar ýaly, oturan adamlara saýawan hem gerek” diýip, ýaşuly bu ýere gelýänleriň içinde uzak aýak üstünde durup bilýäniň azdygyny belledi.

Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşulular dermanhanalaryň käbiriniň içinde oturar ýaly ýerleriň bardygyny, emma oturgyçlaryň hemişe az bolýandygyny aýtdylar.

“Käbir dermanhanalaryň içinde skameýka bar emma, ol azlyk etýär” diýip, bir ýaşuly aýtdy we köplenç öz ýaşaýan ýeriniň golaýyndaky dermanhanalara barýandygyny, emma olaryň içinde we daşynda skameýkanyň ýokdugyny aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň biri öňler, biraz gujurly wagtlary dermanhanalara baranlarynda, olaryň içinde we daşynda skameýkalaryň bolandygyny aýtdy.

Oturgyçly günler 'süýjülikde ýatlanýar'

“Gartaşan, aýak agyrly adamlar uzyn oturgyçlarda oturyp, öz keselleri, ulanýan emleri barada gürrüň ederdiler, nähili derman, maz ulanyp, agyrlaryndan dynandyklary barada gowy maglumat paýlaşardylar” diýip, habarçymyz bu ýeriň ýarawsyzlar üçin özboluşly ‘maglumat merkezi bolup hyzmat edendigini’, özi ýaly adamlar bilen gürleşip giden ýaşulularyň göwnüniň açylýandygyny, olary bu hili tebigy dermandan mahrum etmegiň ‘gaty gabahatdygyny’ öňe sürdi.

Onuň sözlerine görä, häzir dermanhanaçylaryň köpüsiniň ‘hünär taýýarlygy pes, olara derdiňi aýtsaň, käsi hiç zat bilenok’. ‘Lukmanlar näme derman maslahat berdi, haýsy derman gerek?’ diýip soraýarlar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan pensionerler lukmanlardan hem ‘göwnejaý maslahat alyp bilmeýändiklerini’ aýtdylar.


Bir ýaşuly lukmanlaryň şol bir dert bilen baran adama biri-birinden aýry, başga-başga dermanlary ýazyp berýändigini aýdyp käýindi.

“Keselim bir, emma lukman kän. Birinden kanagatlanman, beýlekisine barsaň, olaryň hersi bir zat aýdýar. Edil şonuň ýaly, keselhana girip, bejergi almakçy bolsaň, keselhanalaryň hem hersi biri-birinden aýry, başga-başga bejergi berýär. Bularyň haýsyna ynanjagyňy biler ýaly bolmady” diýip, maryly ýaşaýjy öz ýagdaýyny gürrüň berdi.

Bir ýaşaýjy diňe dermanhanalarda däl, eýsem hassahanalarda, başga ýerlerde hem garrylar ýa-da ýarawsyz adamlar, inwalidler üçin zerur bolan şertleriň döredilmeýändigini aýtdy.

'Skameýka' hakykatdan hem syýasy meselemi?

Anonimlik şertinde gürleşen synçy Türkmenistanda skameýka meselesiniň hem syýasy meselä öwrülendigini öňe sürdi.

“Meniň pikirimçe, Mary häkimligi ýaşulularyň skameýka haýyşyny kanagatlandyryp bilmez. Sebäbi türkmen häkimiýetleri skameýkalary ýöne ýerden ýigrenmeýär, olarda oturan adamlar bir-birine içini dökýär, durmuş kynçylyklaryndan zeýrenýär.”

Kanunlarynda söz, metbugat azatlygyny kepillendirýän Türkmenistan başgaça pikirlenýänlere, ýurtdaky kemçilikler barada pikirini aýdýanlara garşy bikanun çäre görmekde, hatda şäher ýerlerinde ozal gurlan uzyn oturgyçlary hem söküp aýyrmakda tankyt edilýär.

Azatlyk ýurtda ilata edilýän bikanun gözegçilikler, dermanhanalaryň içindäki we daşyndaky oturgyçlaryň aýrylmagynyň sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG