Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň howlularyndan oturgyçlar, stollar aýrylýar


Köpgatly ýaşaýyş jaýyň howlusy, Aşgabat

Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda ýerli ýaşaýjylaryň üýşýän ýerlerindäki oturgyçlar, stollar aýrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.

"Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri howlulary stollardan, oturgyçlardan arassalap başladylar. Ýük ulagly gelýärler we bar zatlary ýygnap, ulaga ýükleýärler we näbelli bir ýere äkidýärler" diýip, habarçymyz 28-nji fewralda Aşgabatdan habar berdi.

Aşgabadyň gür ilatly etrapçalaryndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda adamlaryň üýşüp oturýan ýerlerinden oturgyçlaryň we stollaryň aýrylmagynyň sebäpleri barada paýtagtyň häkimliklerinden resmi maglumat alyp bolmady.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy häkimiýetleriň bu çäreleri geçirmeginiň sebäplerini adamlaryň üýşüp oturmagynyň öňüni almak synanyşygy bilen baglanyşdyrýar.

"Öňümizde bahar ýetip gelýärkä, häkimiýetler adamlaryň islenilmeýän temalardan gürrüň etmeginden howatyrlanýarlar we öňünden çäre görýärler. Aşgabadyň häkimine bu barada görkezme berildi, adamlaryň üýşüp biljek ýerlerini ýok etmek hakynda" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz häkimlikdäki çeşmesine salgylanyp aýdýar.

Munuň öňüsyrasynda Azatlygyň Marydaky habarçysy graždan eşikli polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň nobatlarda duran adamlara gözegçilik edýändigini we olaryň gürrüňlerini diňleýändigini habar beripdi.

Aşgabadyň köpgatly jaýlarynyň howlularynda çagalary bilen oturan zenanlary, garrylary, gepleşip oturan ýa-da küşt oýnaýan adamlary köp görse bolýar.

"Aşgabatda käbir ýaşaýjylar öz howlularynda skameýkalary we stollary goýýarlar, işden soň ýa-da dynç günlerinde öz goňşulary bilen oturyşmak hem stoluň başynda çaý içmek ýa-da ýöne gepleşip oturmak üçin" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtynyň we beýleki şäherleriniň ýaşaýjylary häkimiýetler tarapyndan girizilýän dürli çäklendirmelere duçar boldular. Yssy howaly ýurduň paýtagt ýaşaýjylaryna öz balkonlarynda we daşarda kir sermek, aýnalarda günden goraýan esbaplary ýerleşdirmek, sowadyjylary oturtmak, çanak antennalaryndan peýdalanmak gadagan edildi.

2019-njy ýylyň mart ýynda Daşogzuň häkimiýetleri ilatyň tamdyrdan peýdalanmagyny çäklendiripdi. Birnäçe ýyl mundan öň tamdyrlaryň ulanylmagy Aşgabatda hem çäklendirilipdi.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň häkimiýetleri köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň gapdalynda ýaşaýjylaryň guran pristroýkalaryny, howlulardaky tapçanlary aýyrdylar, saýaly agaçlary köpçülikleýin çapyp ýok etdiler.

Bu işleriň ählisini amala aşyrýan jemagat gulluklarynyň we häkimlikleriň işgärleri sebäbini düşündirmeýärler we özlerine "ýokardan edilen tabşyryga" salgylanýarlar.

​Türkmenistanyň ýolbaşçylary we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi paýtagtda tertip-düzgüni, arassaçylygy saklamagyň zerurdygyny aýdýar we onuň bezeginiň hilini ýokarlandyrmagy yzygiderli talap edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG