Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady krizis çagalaryň tomusky dynç alşyna nähili täsir ýetirýär?


Mal bakýan çagalar
Mal bakýan çagalar

Türkmenistanda okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, onlarça müň okuwçy üçin tomusky dynç alyş möwsümi hem başlandy. Emma ykdysady krizis we işsiz ýa-da pes gazançly ene-atalaryň maddy ýagdaýy çagalaryň dynç almak mümkinçiliklerini ýylyň-ýylyna çäklendirýär.

Bu ýagdaýlary seljermek üçin ençeme sebite aýlanyp gören habarçymyz, dürli ýaşdaky we işdäki raýatlar bilen söhbetdeş boldy. Ol meseläniň has düşnükli bolmagy üçin, çagalaryň dynç almak mümkinçiliklerini degişlilikdäki üç topara böldi. Bellesek, bu ylmy bolmadyk bir seljermedir.

Habarçymyz gurply maşgalalaryň, şol sanda hökümet ýa-da kanungoraýjy edaralarda ýokary wezipelerde işleýän ene-atalaryň çagalarynyň dynç alyş möwsüminiň degişlilikde has şat geçýändigini belleýär.

“Bu çagalar Gökderedäki, Awazadaky dynç alyş merkezlerine, hatda yzly-yzyna arkaýyn gidip bilýärler. Olar tölegli seýigählere, basseýnlere hem gatnaýarlar. Garaz, olar kadaly dynç alyp bilýärler. Elbetde, bu topardakylaryň sany degişlilikde az bolup, beýleki çagalaryň aglabasy barha ýaramazlaşýan ykdysady kynçylyklar sebäpli, özleriniň güýmenjelerini çäklendirýärler ýa hatda tutuş tomus gara işde zähmet çekip, maşgalasyna goltgy bolmaga synanyşýarlar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşleriniň biri aýdýar.

Dowamly gazanç çeşmesi bolan, emma ykdysady kynçylyklar sebäpli gün-güzeran harajatlaryny çäklendirmeli bolýan hojalyklaryň çagalary bolsa, çem gelen serişdeler arkaly özüne güýmenje döretmäge synanyşýarlar.

Ulaglaryň üstüne münüp oýnaýan çagalar. Aşgabat
Ulaglaryň üstüne münüp oýnaýan çagalar. Aşgabat

“Bu çagalaryň tölegli medeni merkezlerine, seýilgählere dagy gitmäge puly ýok. Şol sebäpli, olar uzakly gün daşarda öz deň-duşlary bilen köp gatly jaýlaryň aralarynda oýnaýarlar. Basseýnleriň töleglidigi sebäpli, olar yssy howada suw çüwdürimlerinde, aryklarda suwa düşýärler. Jemläp aýdylanda, umuman orta gatlagyň hojalyklaryna degişli çagalar, mümkinçiligi çäkli bolsa-da, tomus paslyny güýmenjede geçirip bilýärer” diýip, habarçymyzyň ýene bir söhbetdeşi nygtady.

Emma, esasan hem oba ýerleriniň çagalary dynç alyş döwründe hem dürli gara işlerde zähmet çekip, gurpdan düşen maşgalalaryna hemaýat bermäge synanyşýarlar.

“Ykdysady krizisiň has köp täsir ýetiren, şol sanda potratçylaryň, işlerinden boşadylan ene-atalaryň çagalaryna tomusda oýnamak, şatlanmak asla ýatlaryna hem düşmeýär. Olar bazarlarda hammalçylyk edýärler, ulaglaryň tekerlerini ýuwýarlar, mal bakýarlar, melleklerde otag we ýekeleme işlerini geçirýärler, galyberse-de köçelerde dilegçilik edýärler. Olar beýleki deň-duşlaryna seredip, gaty kemsinýärler” diýip, ýene bir türkmenistanly öz sebitindäki ýagdaýlary suratlandyrdy.

Bazarda araba daşaýan ýaş oglan
Bazarda araba daşaýan ýaş oglan

Ol çagalaryň aglabasynyň, maşgalasyna goldaw bermek bilen birlikde, täze okuw ýyly üçin hem esbaplary, egin-eşikleri satyn almak ugrunda pul toplaýandyklaryny sözüne goşdy.

Çagalaryň gazanç etmek üçin işleýän döwründe olaryň betbagtçylyga uçrap, heläk bolmagy ýaly wakalaryň hem ýüze çykýandygyny bellenilýär.

Habarçylarymyz gurpdan düşen hojalyklaryň çagalarynyň, okuw döwründe hem sapaklaryndan daşgary zähmet çekýändigi sebäpli, ygtybarly bilim alyp bilmeýändiklerine-de ünsi çekýärler.

Türkmenistan çagalar üçin sagdyn ýaşaýyş gurşawyny, olaryň talabalaýyk idegini we zähmet ekspluatasiýasyndan goraglylygyny kepillendirjek kanunçylygy kämilleşdirip, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky” kanuny kabul etdi.

Emma habarçylarymyz we ýerli söhbetdeşlerimiz bu kanunlaryň esasan kagyz ýüzünde galýandygyny, häkimiýetleriň hem bu ýagdaýy açyk ara alyp maslahatlaşmakdan saklanýandygyny öňe sürýärler.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy we olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigi” aýdylsa-da, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG