14-nji martda ABŞ Senatynyň köplüginiň lideri Çak Şummer (Chuck Schumer) ysraýyllylary täze saýlawlary geçirmäge çagyrdy, şeýle-de Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň “ýoluny ýitirendigini” aýtdy, we onuň regiondaky parahatçylyga böwet bolýandygyny sözüne goşdy. Bu aralykda Gazada gumanitar krizis barha ýitileşýär.
Şummer Senatdaky köplügiň birinji ýewreý lideridir we Birleşen Ştatlardaky ýokary derejeli ýewreý syýasatçylarynyň biridir. Ol Senatda 40 minut töweregi eden çykyşynda Netanýahuny ýiti tankytlady.
Şummer Netanýahunyň “Gazadaky asuda adamlaryň ýitgileri bilen razylaşmaga gaty meýillidigini, munuň hem dünýäde Ysraýyla bolan goldawy taryhdaky iň pes derejä düşürýändigini” aýtdy.