Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň howa hüjümleri güýçlenýär, Gazada ýumrulan öýler, öldürilen adamlar köpelýär


Hüjümde ölenleriň sany onlarça ýyl bäri dowam edýän Ysraýyl-Palestina konfliktinde görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýetdi.
Hüjümde ölenleriň sany onlarça ýyl bäri dowam edýän Ysraýyl-Palestina konfliktinde görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýetdi.

Ysraýyl 24-nji oktýabrda Gaza zolagyna edýän howa hüjümlerini güýçlendirip, ýaşaýyş jaýlarynyň harabalygynda galan maşgalalary agyr ýagdaýa saldy, saglyk işgärleri düýn ýüzlerçe palestinalynyň öldürilendigini, bombalamalardan zyýan çeken we toksuz galan lukmançylyk edaralarynyň ýapylandygyny aýtdylar.

Hamas tarapyndan dolandyrylýan Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, Ysraýylyň uçarlarynyň hüjümi bütin gije dowam etdi we Gazanyň dürli ýerlerine zarba urdy.

Bombaly hüjümde ölenleriň sany onlarça ýyl bäri dowam edýän Ysraýyl-Palestina konfliktinde görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýetdi.

Ysraýyl güýçleriniň garaşylýan ýerüsti hüjüminiň, tanklar we artilleriýa goldawy bilen, Hamasyň söweşijilerini ýok etmek üçin görüljek harby çäreleriň has köp adam ýitgisine getirmegi mümkin.

Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýylyň günortasyndaky şäherlere eden ýykgynçylykly hüjüminden soň, Ysraýyl bu territoriýanyň daşyny gabady we Gazanyň 2,3 million ilaty azyk, suw we derman serişdelerinden mahrum boldy.

XS
SM
MD
LG