Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssy howa daýhanlaryň 'uly zyýan çekmegine getirýär', bazarlarda arzan pomidor köpeldi

Aşgabat. Köçe söwdasy. Arhiw suraty
Aşgabat. Köçe söwdasy. Arhiw suraty

Aşa yssy howa gök, bakja ekinlerini eken daýhanlaryň uly zyýana galmagyna getirýär, gyzgyn günüň derdinden pomidor, hyýar ekilen meýdanlaryň hasyly dökülýär, biýaralar ýatýar, şol bir wagtda-da bazarlarda arzan pomidor köpelýär diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Mary welaýatyndaky habarçymyzyň maglumatyna görä, sebitiň bazarlarynda soňky günler pomidor köpelip, bu golaýlarda görülmedik pomidor bolçulygy we arzançylygy başlandy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlar hasyl ýetişdiren adamlaryň ekiniň ýere siňip galmagyndan alada galýandyklaryny we ‘bolanjasyny basymrak, geçen ýerinden satyp dynmaga çalyşýandyklaryny’ aýtdylar.

Ikinler gyzgyn howanyň öňünde durup bilmeýär

“Ekinimizi gyzgyn, epgekli howa aldy. Indi biz, ‘pomidorlarymyz ýere siňmänkä’ diýip her kilogramyny 2-3 manatdan, geçen ýerinden satmaga razy bolduk. Gün geçip, eýýäm zaýalanyp başlan, ýa çala zaýalanjak bolan pomidorlarymyzy tomat ýapýanlara 1 manatdan satýarys” diýip, maryly daýhan habarçymyza öz ýagdaýyny gürrüň berdi.


Bu ýagdaýy aýratynlykda gürleşilen beýleki birnäçe daýhan hem tassyklady. Olaryň sözlerine görä, mundan öňki ýyllarda daýhanlar ekin meýdanlarynda ýetişdiren pomidorlaryny bazara adatça sentýabr aýynda çykaryp başlaýardylar we özleri üçin amatly bahadan satyp, birneme gazanç edýärdiler.

“Bu ýyl howa çendenaşa gyzdy, gözümizi dikip oturan pomidor hasylymyza uly zyýan ýetdi. Ekin ekip, peýda görmekden geçdik, çykaran çykdajymyzy yzyna alyp bilsek razy bolduk” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçi aýtdy.

Uly zyýana galýandygyny aýdýan daýhanlardan tapawutlylykda, bazarda bolan arzan pomidorlar gyşa taýýarlyk görüp, tomat gaýnadynýan, banka pomidor ýapynýan hojalyklar üçin ‘uly mümkinçilik’ döretdi.

Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen bazar alyjylary pomidor bolçulygynyň goly ýuka maşgalalar üçinem, gyşa taýýarlyk görýänler üçinem gowudygyny, ýöne munuň ‘wagtlaýyn, basym geçjek’ arzançylykdygyny, türkmen bazarlarynda dowamly, durnukly arzançylygyň bolmagyna garaşmýandyklaryny aýtdylar.

Pomidor ýapynjaklar üçin gowy pursat döredi

“Häzir pomidordan banka ýapjaklar, ýagny salat, tomat ýapmakçy bolýan adamlara gowy pursat. Emma men pomidor nyrhlarynyň sähel günden ýokarlanjagyna ynanýaryn. Şu pursatdan peýdalanyp ýetişen utar, ýetişmedikler utular” diýip, diýip, ýylda pomidor ýapynýandygyny aýdan alyjy öz pikirini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki pursady elden gideren adamlar birazdan beýleki welaýatlardan getirilen, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen pomidorlaryň bahasyny eşidip, bu ýyl gyş üçin tomat ýapmagy goýbolsun ederler.

Garagum etrabynda gök, bakja ekinlerini eken daýhan häzir meýdandan çöplän pomidorlaryny gyssagly satyp ýetişjek bolýandygyny, özi ýaly ýagdaýa düşen daýhanyň kändigini aýtdy.

“Çöplänje hasylymyzy basymrak satyp ýetişmesek, her sagatda zaýalanyp bilýär. Şol sebäpden harydymyzy arzan nyrhdan bermeli bolýarys” diýip, garagumly daýhan wagtyň yssy howada ekin satýanlaryň zyýanyna işleýändigini belledi.


Şu aralykda sosial mediada paýlaşylan wideolaryň birinden görnüşine görä, howanyň gyzgyny ýurduň demirgazyk sebitinde hem daýhanlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolýar.

Yssy howa şahadaky gök almalary 'ýakýar'

Daşoguzda düşürilendigi aýdylýan wideoda hojalygyň jaý salýan ussalarynyň, aşa yssy howa zerarly ýaraman, iki gün bäri işe çykmaýandygy aýdylýar we boýy ýetirilip barýan jaýyň duran gurluşygy, gündiz sagat 14:30-da işige düşelen betona çakylan ýumurtganyň ot-oaksyz gyzgyna bişişi görkezilýär. Şeýle-de, wideoda ýüzüni görkezmän gürleýän zenan hasyla duran alma agajynyň güne ýanan almalaryny görkezýär.

Aragatnaşyk ýagdaýy kyn bolansoň, Azatlyk ýurduň beýleki sebitlerindäki yssy howa we onuň gök, bakja ekinlerine, miweli agaçlaryň hasylyna ýetiren zyýany barada maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylary biraz öň yssy howanyň garpyz hasylyna hem zyýan edendigini we içinden gyzgyn geçen önümleriň iýmek üçin ýaramsyz bolandygyny habar beripdiler.

Şeýle-de, bu ýylyň hasylyna güllän, gunçalan we miwe düwen agaçlaryň uçran sowuk howasynyň, biraz soň, maý aýyndan başlanan çekirtge ýörişiniň uly zyýan ýetirendigi habar berdildi.

Emma ýurtdaky maglumat ýapyklygy, häkimiýetleriň garaşsyz neşirleriň žurnalistlerine hiç bir düşündiriş bermezligi zerarly, Türkmenistanda hojalyklaryň we oba hojalyk önümlerini öndürmekden eklenç edýän adamlaryň howa ýagdaýlary, tebigy hadysalar sebäpli çeken maddy zyýanlarynyň möçberlerini kesgitläp bolmaýar.

Hökümet mejlislerinde, döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylýan ösüş maglumatlaryna garamazdan, ýerli synçylar we çeşmeler oba adamlarynyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň gowulanmaýandygyny, oba, etrap ýerlerindäki ýollary, köprüleriň, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň ýaramaz bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.


Bu ýagdaý, görnüşinden, ilat arasynda hökümet ýolbaşçylarynyň işinden bildirilýän nägilelikleriň barha köpelmegine we sosial media arkaly barha dürli görnüşde aýdylmagyna getirýär. Emma muňa garamazdan, döwlet baştutanyna we beýleki ýolbaşçylara gönükdirilen şikaýatlara ýa düýpden jogap berilmeýär, ýa-da başdansowma jogap berilýär diýip, synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG