Ýurduň propagandaçy neşirlerinde Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Täjigistan ýaly goňşy döwletler bilen transport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, howa gatnawlary, şeýle-de Günorta Koreýada ýaşamak we işlemek üçin uzak möhletli wiza barada ýaýradylýan maglumatlar türkmen jemgyýetinde käbir reaksiýalary döretdi diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.
Ýurduň içindäki ulag we daşary ýurtlar bilen aradaky ýolagçy gatnawlary meselelerine ýakyndan syn edýän synçy bu maglumaty tassyklap, ilat arasynda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen ýolagçy ulag gatnawlaryny dikeltmegi barada edilýän gürrüňleriň soňky wagtlarda görnetin köpelýändigini, ykdysady kynçylyklaryň adamlary uzak saklanan ýapyklyk barada pikirlenmäge mejbur edýändigini belledi.
'Gatnawlaryň açylmagy - ýurduň açylmagy bolar'
Azatlygyň habarçylary bu mesele bilen gyzyklanyp, sebit ýaşaýjylary, hünärmenler bilen gürleşip, ilat arasyndaky pikirleri öwrenmäge çalyşdy. Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar goňşy döwletler bilen göni ýolagçy gatnawlaryny dikeltmegiň ýurduň ykdysady we sosial ösüşine uly goşant goşjakdygyny aýtdylar.
Balkanly ýaşaýjylaryň köpüsi Gazagystan, Eýran bilen arada göni ýolagçy otlularynyň gatnamagyny, Azerbaýjan we Russiýa bilen arada ýolagçy gämileriniň gatnawynyň dikeldilmegini, Ermenistan we Gürjüstan ýaly döwletler bilen howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyny isleýär. Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar ‘açyk gapylar syýasatyna eýerýän’ Türkmenistanyň hakykatda ýapyk galýandygyny, sebit ýurtlarynyň hiç birinde ilatyň hereket azatlyklarynyň ‘bizdäki ýaly çäklendirilmeýändigini’ öňe sürdüler.
“Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin Türkmenbaşy deňiz portunyň we halkara aeroportunyň halkara ýolagçy ugurlaryny ýola goýmaly… Eger şeýdilse, köpmilletli Balkanyň milli azlyklarynyň taryhy watanlary bilen aragatnaşygy dikeltmäge, eýranly, gazagystanly we russiýaly etniki türkmenleriň Türkmenistan bilen ynsanperwer we ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly itergi berer” diýip, howpsuzlyk aladalary üçin adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.
Üzňelik syýasatyndan ýadan, 'açyklyga çagyrýan adam köpelýär'
Daşoguzly ýaşaýjylar hem kanunda kepillendirilen hereket azatlygyna girizilen resmi däl çäklendirmeleriň bes edilmelidigini aýdýarlar.
“Welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärliklere zyýarat etmekligiň gerimini giňeltmek, dogan-garyndaşlyk gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin Gazagystan, Özbegistan döwletleri bilen aradaky ýolagçy otlularynyň, awtobus we uçar gatnawlarynyň dikeldilmegi durmuş zerurlygy bolup durýar. Adamlar soňky döwürde bu meseleleriň çözülmegi barada köp gürrüň edip başladylar” diýip, daşoguzly söhbetdeşimiz aýtdy.
Lebap welaýatynda hem üzňelik syýasatyndan ýadan, goňşular bilen açyklyga çagyrýan adamlaryň sany köpelýär diýip, ýerli synçy aýtdy.
“Welaýat ýaşaýjylary Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Orsýet bilen otly, uçar, awtobus gatnawlaryny mümkin boldugyça çalt dikeltmeli diýýärler. Bu meselede ulag emeldarlaryna yzygiderli ýüz tutýan adamlar hem bar” diýip, synçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, lebaply ýaşaýjylar hususan-da Owganystana ýüz ýyl mundan öň göçüp giden lebaplylaryň nesilleriniň Türkmenistana otluda gelip bilmegi üçin wiza we ulag ýeňillikleriniň döredilmegini isleýär.
Owganystandaky etniki türkmenleriň Türkmenistana päsgelçiliksiz gelip we gidip bilmegi üçin ulag we wiza amatlyklaryny döretmek zerurlygyny maryly ýaşaýjylar hem ýatlatdylar.
Dolandyryjygy gatlagyň 'ulag, wiza, konwertasiýa kynçylyhgy ýok'
Telekeçilik bilen meşgullanýan adamlar ýurtda dowam edýän ýapyklygyň we beýleki çäklendirmeleriň dolandyryjy gatlaga hiç bir zyýanynyň ýokdugyny, täsirli adamlaryň ne ulag, ne wiza, ne-de pul, konwertasiýa kynçylygynyň bardygyny aýdýarlar. Anonimlik şertinde gürleşen maryly telekeçi ‘emeli päsgelçilikleriň ilatyň mätäçlikde ýaşaýan bölegine garşy ulanylyp, olary “gurplanmakdan saklaýandygyny” öňe sürdi.
Azatlygyň Marydaky habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Orsýet bilen aradaky otly we uçar gatnawlaryny, beýleki GDA döwletleri bilen aradaky uçar gatnawlaryny dikeltmezligiň sebit ykdysadyýeti üçin “örän uly zyýandygyny” aýtdylar.
“Eýran, Merkezi Aziýa, beýleki GDA döwletleri bilen göni uçar gatnawlaryny dikeltmek örän derwaýys, döwlet ýolbaşçylary ilatyň abadançylygy barada pikir edýän bolsalar, boş gürrüňlerden işe geçmeli diýip, aşgabatly syýahatçylyk hünärmeni hem ‘ýapyklygyň ilatyň kyn ýagdaýa salandygyny’ belledi.
Onuň pikiriçe, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerinden gowy peýdalanmak üçin, diňe ýurt raýatlarynyň hereket azatlygyny üpjün etmän, dünýäniň iň ösen we howpsuz bolan döwletleriniň (ÝB, ABŞ, Kanada, Singapur, Günorta Koreýa, Ýaponiýa) raýatlary üçin hem şert döretmeli, olar üçin gysga möhletli wizasyz saparlary ýola goýmaly.
“Bu ilatyň iş, gazanç mümkinçiliklerini köpeldýär, adamlaryň gazanç etmeginden gorkmaly däl” diýip, syýahatçylyk hünärmeni aýtdy.
Ýerli synçylaryň käbiriniň pikiriçe, raýatlaryň häkimiýetleriň ‘gury we howaýy gürrüňlerine’ negatiw reaksiýa bildirmegi we "ýurduň, ýollaryň açylmagy barada has köp gürrüň edip başlamagy" türkmen jemgyýetçiligindäki pikir we garaýyş üýtgeşmeleriniň alamaty bolup görünýär.
'Halk erkinlik, açyklyk islegini bildirmäge çalyşýar'
"Adamlar çärýek asyrdan gowrak dowam edýän üzňeligi we ýapyklygy has açygrak tankyt edip başladylar. Halk häkimiýetleriň ýapyklygy bilen oňmaýar, erkinlik we açyklyk islegini bildirmäge çalyşýar" diýip, paýtagtly syýasy synçy öz pikirini aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal goňşy ýurtlar bilen uçar gatnawlaryny dikeltmek gürrüňlerini gozgaýarlar, emma ilatyň hereket azatlygyny çäklendirýän emeli päsgelçilikler ýurt içinde-de, daşynda hem azalmaýar.
Halkara hukuk toparlary we ýerli hukuk goraýjylar Türkmenistanda söz, metbugat azatlygynyň ýokdugyny, kanunda kepillendirilen ýygnanyşmak we pikir beýan etmek mümkinçilikleriniň ýowuz çäklendirilmeginiň dowam edýändigini aýdýarlar.
Şeýle-de, Aşgabatdaky hökümetiň we güýç gurluşlarynyň sosial ulgamlarda başgaça pikir aýdýan, adam hukuklarynyň hormatlanmagyna çagyrýan aktiwistleri berk yzarlaýandygy aýdylýar.
Azatlyk radiosy ýurt ilatynyň açyklyk barada edýän gürrüňleri we häkimiýetleriň bu meselä garaýyşlary barada, Türkmenistandaky maglumat ýapyklygy sebäpli, hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum