Soňky habar

Ýyllyk hasaplaşyk gijikdirilýär, gazanç gaty az - Daýhanlar

Pagtaçylar. Arhiw suraty
Pagtaçylar. Arhiw suraty

Gyzylarbat, Bereket etraplarynda şu ýyl döwlet harmanyna pagta tabşyran kärendeçiler we mehanizatorlar bilen geçirilmeli hasaplaşyklar gijikdirilýär, ýöne Gyzylarbatda Berdimuhamedowlara ýakyn diýip bilinýän telekeçi döwlet bilen wagtynda hasaplaşyp, gazanç-girdejileriniň ählisini aldy diýip, çeşmeler habar berýär. Synçylar prezidentiň hasaplaşyklary wagtynda geçirmek barada beren görkezmesiniň, köplenç bolşy ýaly, 'bu gezegem howada galýandygyny' öňe sürýärler.

Azatlygyň habarçysy 10, 20 gektar aralygynda ýeri bolan kärendeçileriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Döwlet tabşyrygy esasynda gowaça eken daýhanlar “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümlerine her gün diýen ýaly baryp, gaty lapykeç bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Daýhanlar hasplaşykda hem 'ala tutulýar'

“Kärendeçiler tehnika, dökün, suw we beýleki çykdajylaryny ýapmak aladasy bilen ýaşaýar. Häkimlik ‘ilki bergidar kärendeçiler karzlaryny tölemese, beýlekiler pagta planyny dolan hem bolsa, adaty daýhanlara dahodlaryny geçirip bermäň’ diýip, bank hasapçylaryna, kassirlerine tabşyryk beripdir. Bu tabşyryk “Batly Gadam” hususy daýhan hojalygyna degişli däl” diýip, anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, pagta ýygymy resmi ýagdaýda heniz hem dowam etdirilýär. Ýöne iş ýüzünde gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy tamamlandy we, Tutly, Zaw, Ýaşlyk obalarynda, pagtanyň düýpden ýok ýerlerini gowaça çöpünden arassalan adamlara uly jerimeler töletdirilýär diýip, söhbetdeşimiz sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk töledilen jerimeler barada goşmaça, anyk maglumatlary alyp bilmedi.

Azatlyk internetdäki telefon begileri arkaly “Batly Gadam” hususy kärhanasyna telefon edip, onuň Gyzylarbatdaky daýhan hojalygynyň hasaplaşyk işleri barada aýdylýanlar hakynda düşündiriş almaga synanyşdy. Emma netije bolmady.

Ýöne, “Batly gadam” hususy kärhanasynyň Balkanabat şäherindäki önümçilik sehleri üçin işgär gözleýändigi baradaky bildirişde görkezilen telefonlaryň birine jaň edilende, Azatlygyň hasaplaşyk baradaky soraglaryna bölekleýin jogap berildi, ýurda gelip sorasalar, has anyk düşündiriş alyp boljakdygy aýdyldy.

Azatlygyň habarsyçy öň bu sebitde pagtasy ýyglan gowaça meýdanlaryna mal goýberen kärendeçilere uly jerimeleriň salynýandygyny habar beripdi.

Aýry-aýrylykda gürleşilen kärendeçileriň tassyklamagyna görä, resmiler ‘pagta gutardy, emma haçan ekmeli, haçan ýygyma başlamaly we haçan pagta ýygymyny togtatmaly diýen meseläni prezident çözýär, ol ýörite tabşyryk bermeli’ diýýärler.

Türkmen telewideniýesiniň habarlaryndan belli bolşy ýaly, oba hojalyk işleri, ekiş, ideg, orak, ýygym bilen bagly dabaralar we olar barada döwlet baştutanynyň aýdýan sözleri Türkmenistanda onlarça ýyl bäri üýtgewsiz galýar.

Azatlygyň söhbetdeşleri prezidentiň adyndan aýdylýan sözleriň ýa-da onuň berýän tabşyryklarynyň daýhanlaryň iş, gazanç şertlerini gowulandyrmaga tas hiç bir täsiriniň ýokdugyny öňe sürýärler.

'Bu ýyl mehanizatorlar hakyny indiki ýyl alar'

Aýry-aýrylykda gürleşilen mehanizatorlaryň tassyklamagyna görä, bu ýyl olara hasaplaşygyň gelýän ýylyň başynda boljakdygy duýdurylypdyr.

“Oba hyzmat kärhanasynyň mehanizatorlaryna ýylyna bir sapar zähmet haky berilýär, ýöne indi şol hem gijikdirilýär. Mehanizatorlar ýer agdarmak, sürüm, ekiş, kultewasýa-bejergi, mineral dökün bermek, ders daşamak, awuly dermanlary sepmek, ýygnalan pagtalary harmanhanalara daşamak ýaly işleriň hakyny öň hemişe ýyl ahyrynda, dekabrdan öň doly alardylar” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Oba hyzmat kärhanasynyň buhgalteri mehanizatorlara ‘şu ýyl hasaplaşyk gijikdirilýär, 2027-nji ýylyň ýanwarynda hasaplaşarys’ diýipdir.

Habarçymyz bilen gürleşen daýhanlar, mehanizatorlar gyş gazabyna tutmanka çagalaryna ýyly eşik satyn almak, öýleriniň ýyladyş peçlerini gyşa taýýarlamak ýaly aladalary sebäpli gyssanýandyklaryny gürrüň berdiler.

“Býujetdäkiler ýaly her aýda däl, ýylyna bir sapar ujypsyzja zähmet haky alýarys, hökümet bize şojagaz pulam kän görýärmikä?” diýip, bir kärendeçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hökümet ne öz beren wadalarynda durup bilýär, ne-de emele gelen agyr ýagdaýy boýun alyp, önüm öndüren adamlara öz töleg kynçylyklaryny sebäbini düşündirýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň geçirýän hökümet mejlislerinde daýhanlar bilen wagtynda hasaplaşmak barada görkezme berilýändigi aýdylýar. TDH-nyň 23-nji noýabrda beren habaryna görä, prezident Berdimuhamedow “welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek” barada ýene bir gezek tabşyryk berdi.

Emma synçylar döwlet baştutanynyň öz tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen o diýen gyzyklanmaýandygyny, daýhanlaryň garaşsyz neşirler, sosial media arkaly edýän şikaýatlaryny diňlemeýändigini we, görnüşinden, güýç gurluşlaryna ilaty susdurmagy buýurýandygyny öňe sürýärler.

Obadaky 'netijesiz synaglar' adamlary 'ýurtdan gaçyrýar'

Türkmenistanyň oba hojalygy soňky 35 ýylda, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, oba hojalygyny bilmeýän we bilýänleriň diňlemeýän ýolbaşçylaryň netijesiz synaglarynyň ‘pidasy bolmagynda galýar’.

Balkandaky habarçymyz bilen gürleşen daýhanlar oba hojalyk işgärleri bilen hasaplaşyk täzeçe, dünýä ölçeglerine laýyk geçirilmeli diýýärler.

Kärendeçileriň sözlerine görä, döwlet pagtanyň satyn alyş nyrhyny bolmanda 12 manada çykarmaly, sebäbi mineral dökünleriň bahasy, tehniki hyzmatlaryň tölegleri her ýyl gymmatlaýar we şu ýyl hem gymmatlady.

“Daýhanyň eline gelip düşýän pul 1 manada hem ýetmeýär. Onuň ýetişdiren 1 kg pagtasynyň 4 manady tutumlar üçin alynýar. Bu näme diýildigi bolýar? 10 tonna pagta ýetişdirip, döwlet harmanyna tabşyryp, 10 müň manat ýyllyk dahod [girdeji] almak diýmek näme diýmek bolýar? Bu gaty az pul alýarsyň diýmek bolýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bir kärendeçi maşgalada bolmanda azyndan 4 adam gowaça meýdanynda ýyl boýy zähmet çekmeli bolýar.

“Bu her adama bir ýylyna 2,5 müň manat zähmet haky berilýär diýmek bolmaýarmy? Bu her aýda 200 manat töweregi aýlyk aldygyň bolýar. Bu pula kim zähmet çekýär? Agyr tozan, batga, 50 gradus yssy, şert ýok, elbetde, adamlar daşary ýurda giderler, daýhanam galmaz, beýlekem” diýip, kärendeçi öz pikirini ‘döwlet öz halkyny gaçyryp, başga ýerden arzan işçi getirjekmikä?’ diýen sorag bilen jemledi.

Türkmenistanda söz, metbugat azatlygy berk çäklendirilýär we Azatlyk ýurduň oba hojalygynda emele gelendigi aýdylýan agyr ýagdaý barada açyk žurnalist derňewini geçirip, resmilerden düşündiriş alyp bilmeýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy döredilende käbir daýhanlar indi biziň hem arzymyz diňlener, meselelerimizi bolmanda bölekleýin aýdyp bileris diýipdiler.

Emma bu partiýanyň web sahypasynda oba adamlarynyň kynçylyklary, ýyl-ýyldan agyrlaşýandygy aýdylýan şertler, köpçüliklerin zähmet migrasiýasyna gidýän, daşary ýurtlarda mal bakýan, ekin ekýän oba hojalyk hünärmenleri barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

​
XS
SM
MD
LG