Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski territorial mesele boýunça "ylalaşyk gazanylmandygyny" aýtdy


Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski. Arhiw suraty
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski. Arhiw suraty

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski Berlinde geçirilen gepleşiklerden soň Kiýewiň Donbasy rus territoriýasy hökmünde "de-ýure ýa-da de-fakto" görnüşinde ykrar etmejekdigini, territorial mesele boýunça "heniz ylalaşyk gazanylmandygyny" aýtdy. "Ukrainska prawda" bu habary onuň sözlerine salgylanyp çap etdi.

Zelenskiniň sözlerine görä, Orsýetiň Donbas baradaky pozisiýasy üýtgemedi.

"Siz olaryň biziň Donbasymyzy isleýändigini bilýärsiňiz. Biziň pozisiýamyz amaly (praktiki), realistik we adalatly; biz onuň tarapynda durýarys we öz Donbasymyzy bermek islemeýäris.”

"Amerikanlar ylalaşyk tapmak isleýärler; olar erkin ykdysady zona döretmegi teklip edýärler. Men ýene-de bir gezek nygtaýaryn, erkin ykdysady zona Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylygynda bolmagy aňlatmaýar” diýip, Ukrainanyň prezidenti aýtdy.

Zelenski mundan öň Donbas we Zaporižiýa atom elektrik stansiýasynyň gözegçiliginiň gepleşiklerde esasy mesele bolmagynda galýandygyny aýdypdy.

“The Wall Street Journal” we AFP ABŞ wekilleriniň ukrain goşunlarynyň Donetsk sebitiniň galan böleginden (Orsýetiň esasy şerti) çykarylmagyny talap etmegini dowam etdirýändiklerini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG