Soňky habar

Zorlugyň derňelmegini talap eden Jeren Altyýewa ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi - turkmen.news

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy Jeren Altyýewa kezzapçylyk aýyplamasy boýunça ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip, garaşsyz turkmen.news neşiri 13-nji noýabrda habar berdi. Altyýewa öňki adamsyny özüne we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyna garşy jynsy zorluk etmekde aýyplapdy. Ol häkimiýetlere eden ýüz tutmalarynyň netije bermändigini aýdyp, bu barada sosial mediada birnäçe gezek çykyş edipdi. Hukuk goraýjylar Altyýewanyň şol çykyşlary sebäpli yzarlanan bolmagyndan alada bildirýärler.

Azatlyk Radiosy Altyýewanyň öýünden alnyp gidilendigi we oňa ýedi ýyl türme jezasynyň berlendigi baradaky maglumatlary entek öz çeşmeleri we habarçylary arkaly garaşsyz tassyklap bilmedi. Çap edilen habarlarda hökümiň nusgasy, onuň çykarylan senesi we kazyýetiň ady görkezilmeýär. Redaksiýa Altyýewanyň işi boýunça dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biriniň häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Turkmen.news-iň ýazmagyna görä, kazyýetde birnäçe adam Altyýewa uly möçberde karz pul ýa-da altyn ýaly gymmatbahaly zat berendigini aýdypdyr. Derňewçiler Altyýewanyň bergisi hökmünde jemi 600 müň manady görkezipdirler.

Neşir Milli howpsuzlyk ministrliginiň Altyýewanyň köpçülige eden çykyşlary üçin ondan "ar almak maksady bilen işi galplaşdyrandygyny" öňe sürýär. Azatlyk muny garaşsyz tassyklap bilmedi.

Öýünden alnyp gidilmegi

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy 12-nji noýabrda öz çeşmelerine salgylanyp, polisiýa we prokuratura işgärleriniň Altyýewany 16-njy oktýabrda Baýramalydaky öýünden mejbury alyp gidendigini habar berdi.

Jeren Altyýewa gyzy bilen (arhiw)
Jeren Altyýewa gyzy bilen (arhiw)

Gaznanyň maglumatyna görä, Altyýewany alyp gitmäge dokuz işgär gatnaşypdyr. Onuň näme esasda tutulandygy hossarlaryna aýdylmandyr.

Üç hepdeläp onuň nirede saklanýandygy, saglyk ýagdaýy we aklawçynyň kömeginden peýdalanyp bilýändigi barada ýakynlarynda maglumat bolmandyr.

Gazna 12-nji noýabrdaky beýanatynda kezzapçylyk boýunça iş gozgalandygy baradaky habary agzady. Ol Altyýewanyň zorluk barada açyk çykyş edeni üçin yzarlanan bolmagyndan alada bildirdi we işiň gozgalmagyna esas bolan ýagdaýlary garaşsyz barlamaga çagyrdy.

Zorluk baradaky arzalar

Altyýewa öňki adamsynyň özüni birnäçe gezek zorlandygyny we gyzyna jynsy taýdan azar berendigini aýdypdy. Helsinki gaznasynyň maglumatyna görä, onuň öňki adamsy gümrük edarasynda işleýär. Turkmen.news-iň 30-njy iýundaky habarynda Altyýewanyň "Men muňa mundan beýläk çydamak islemedim we Baýramalynyň polisiýasyna ýüz tutdum" diýen sözleri getirilýär.

Neşir lukmançylyk barlagynda Altyýewanyň bedenindäki şikesleriň anyklanandygyny hem habar beripdi. Onuň ozalky maglumatyna görä, Baýramaly şäher prokuraturasy 2025-nji ýylyň noýabrynda Altyýewa hat iberip, öňki adamsynyň hereketlerinde jenaýatyň alamatlarynyň bardygyny, ýone şol hereketleriň "jemgyýetçilik howplulygyny ýitirendigi" sebäpli işiň ýapylandygyny mälim edipdir.

Aşgabat şäher prokuraturasy sentýabrda beren jogabynda Altyýewanyň öňki adamsynyň hereketlerinde jenaýat düzüminiň ýokdugy baradaky iýul aýyndaky kararyna salgylanypdyr.

Altyýewa Ýokary kazyýete we Adalatça hem ýüz tutupdyr. Adalatçynyň edarasy oňa Baş prokuratura gaýtadan ýüz tutmagy maslahat beripdir. Baş prokuratura bolsa onuň arzasyny seretmek üçin Mary welaýatynyň prokuraturasyna iberipdir.

Türkmen Helsinki gaznasy Altyýewa garşy işiň gozgalmagynyň häkimiýetleri onuň öňki arzalaryny derňemek we gyzynyň howpsuzlygyny üpjün etmek borjundan boşatmaýandygyny nygtady.

BMG-niň Aýallara garşy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komiteti 2024-nji ýylda Türkmenistanyň häkimiýetlerine maşgaladaky zorluk baradaky ähli arzalaryň yzygiderli derňelmegini üpjün etmegi maslahat beripdi.

Sosial mediadaky ýüzlenmeler

Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri sosial mediada wideo arkaly ýüzlenmegiň Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin durmuş, ykdysady we hukuk meselelerine ünsi çekmegiň elýeterli az sanly ýollarynyň birine öwrülendigini aýdýarlar.

Döwlet edaralarynyň üsti bilen şikaýatlaryny netijeli çözüp bilmändigini aýdyp, raýatlaryň ýurduň ýolbaşçylaryna wideo arkaly ýüzlenmek ýa-da ildeşlerinden kömek soramak üçin sosial ulgamlaryň hyzmatlaryndan barha köp peýdalanyp başlandygy göze ilýär diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri belleýärler.

Olar häkimiýetleriň muňa jogap edip, sanly giňişlige gözegçiligi güýçlendirýändiklerini we birnäçe çäklendiriş çäresini girizýändigini birnäçe gezek habar beripdiler. Güýç edaralarynyň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri raýatlary soraga çagyrýarlar we olardan kömek soralýan ýa-da tankyt aýdylýan wideolary pozmagy talap edýärler. Käbir halatlarda şeýle ýüzlenmeleriň paýlaşylmagy olaryň awtorlarynyň saklanmagyna getirýär.

Žurnalistler Türkmenistandaky ýagdaýy tankyt eden bloggeriň mazaryny tapdylar

No media source currently available

​
XS
SM
MD
LG