Orsýetiň Ukraina garşy başlan giň gerimli çozuşynyň başyndan bäri frontda azyndan 155 müň 368 rus harby gullukçysy wepat boldy. BBC-niň Rus gullugynyň we “Mediazona” neşiriniň žurnalistleri, meýletinçiler topary bilen bilelikde, uruşda ölenleriň şahsyýetlerini anykladylar.
Wepat bolanlaryň üçden bir bölegi 2022-nji ýylda, uruş başlanyndan soň rus goşuny bilen şertnama baglaşan meýletinçiler bolup durýar. Gözleg, barlag işlerini geçirenleriň aýtmaklaryna görä, bary-ýogy bir ýyl mundan ozal bu kategoriýa, meýletinçilere girýänler öldürilenleriň diňe 15% -ni düzýärdi.
Žurnalistler bu kategoriýadaky pidalaryň sanynyň köpelmegini meýletinçileriň häzirki wagtda frontuň iň kyn böleklerine, hususan-da Donetsk sebitine iberilýändigi bilen baglanyşdyrýarlar.
Öldürilenleriň 13% -i koloniýalardan we deslapky tussaglyk merkezlerinden fronta iberilen tussaglar bolsa, 11% -i urşa mobilizasiýa esasynda gatnaşan harby gullukçylar bolup durýar.
Başgyrdystan we Tatarystan tassyklanan ölümleriň jemi sany boýunça iň öňde barýar.
Barlagçylar ölümleriň sanyny açyk çeşmelerden alnan habarlara, şol sanda metbugat habarlaryna, ýerli administrasiýalaryň beýanatlaryna, merhumlaryň garyndaşlarynyň sosial media ýazgylaryna we gonamçylyk maglumatlaryna esaslanyp düzýärler.
Žurnalistleriň hasaplamalaryna görä, Orsýet tarapynda ölenleriň hakyky sany 239,000 bilen 345,260 aralygynda bolup biler.
Moskwa we Kiýew Ukrainadaky uruşda ölen we özlerine degişli bolan harbylaryň sanyny aýtmaýar, olar diňe duşmanyň ýitgileri barada habar berýärler.
Harby çaknyşykdaky taraplar öz üstünliklerini köpeldip, şowsuzlyklaryny kiçeldip görkezýärler. BBC-niň we “Mediazonanyň” barlaglary ölenleriň sanynyň iň möhüm garaşsyz hasaplamalarynyň biri diýip bilinýär.