“Neýtralnyý Turkmenistan”gazetiniň 28-nji ýanwardaky sanynda Aşgabadyň jemgyýetçilik transportynyň parkyna şu ýylyň başynda 90 sany täze “Hýundaý” kysymly awtobuslaryň getirilendigi habar berilýar.
“Ak Hýundaý”
2008-nji ýylda paýtagta getirilip başlanan bu awtobuslaryň ilkinjileriniň reňki ak bolansoň, il içinde olara “ak Hýundaý” diýlip at berlipdi. Ýöne olaryň arasynda gök, ýaşyl reňklileri hem bar.
Emma, awtobus sürüjileriň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, paýtagtyň merkezi hem-de ýurt baştutanynyň awtoulag kerweniniň geçýän köçelerinden ak reňkli “Hýundaý” awtobuslary gatnamaly.
Şol sebäpden 16, 34, 37, 20, 56 ýaly marşrutlar boýunça gatnaýan “Hýundaý” awtobuslarynyň reňkleri ak. 5 ýylyň dowamynda getirilen bu awtobuslaryň hem köpüsi ak reňkde.
“Hýundaý” awtobuslary diňe bir reňk aýratynlyklary bilen tapawutlanman eýsem bu awtobuslarda oturgyçlar hem az.
Bu ýagdaý ýolagçylary o diýen begendirip baranok. “Ýaşlar ýer berseler, oturarsyň. Ýogsa-da, aýak üstünde barmaly ýeriňe bararsyň” diýip, aşgabatly pensioner Ýagşymyrat aga aýdýar.
“Aero city”
Paýtagtlylaryň käbirlerinde “Hýundaý” awtobuslarynyň kuzowlarynyň böwründäki “Aero city” diýen ýazgy, bu awtobuslaryň şäheriçi ýolagçylary gatnatmaga niýetlenmän, eýsem aeroportlarda ýolagçylary gatnatmaga niýetlenendir diýen pikiri döredýär.
Aşgabadyň ýaşaýjysy Kakageldi bu barada şeýle diýýär: “Onuň içiniň darlygy, oturgyçlarynyň azlygy munuň şeýledigini subut edýär. Onuň işigem beýik. Garrylar awtobusa münjek bolsalar, iki bükülmeli”.
Emma, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň efirde adynyň tutulmagyny islemedik işgäriniň aýtmagyna görä, bu awtobuslar şäheriçi marşrutlar boýunça gatnamak üçin niýetlenen. Ondaky “Aero city” ýazgysynyň bolsa aeroport bilen hiç hili baglanyşygy ýok.
“Dogry, bu awtobuslaryň içi dar. Ýöne, häzir her bir marşrut boýunça ýeterlik sanda awtobuslar gatnaýar. Her marşrut boýunça gatnaýan awtobuslaryň gatnaw ýygylygy 5-7 minut. Şonuň üçin ýolagçylar duralgalarda köp garaşyp durmaýarlar” diýip, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň işgäri aýtdy.
Awtobuslaryň gatnaw ýygylygy 5-7 minutdygyna garamazdan, kähalatlarda awtobuslara ýarym sagat garaşmaly bolýar. Ylaýta-da paýtagtda ýa-da onuň töwereklerinde uly köpçülikleýin çäreler geçirilende, awtobuslaryň gatnawy peselýär. Hususan-da, uly baýramçylyk çäreleri geçirilende, paýtagtyň awtobuslarynyň köpüsi marşrutlaryndan çykarylýar.
“Awtobusyň gatnawyndan köpçülikleýin çäräniň geçirilýändigini bilse bolýar. Esasanam, merkezi däl köçelerden gatnaýan awtobuslaryň köpüsi çärelere äkidilýär. Şonda awtobusa bir sagat garaşmaly hem bolýar” diýip, günaşa 4-nji marşrut awtobusyna münüp, garawulçylyk edýän edarasyna gatnaýan aşgabatly pensioner Ýagşymyrat aga Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Gyş aýlary, seýrek bolsa-da, garyň ýagmagy bilen duralgalarda garaşyp duran köpsanly ýolagçylary görmek bolýar.
Gar ýagan güni, adatça, awtobuslaryň gatnaw ýygylygy seýrelýär. Hatda şäheriň merkezi köçelerinden gatnaýan awtobuslara ýarym sagatdan hem köp wagt garaşyp durmaly bolýar.
Üşäp duran ýolagçylar soňky döwürlerde täze goýulýan duralgalara hem sygmaýarlar. Bu duralgalaryň käbirlerinde split-sistema, telewizor hem goýlupdyr. Käbirleri bolsa öňküleri ýaly bassyrma görnüşinde. Olaryň şäher merkezinde ýerleşenlerini her gün diýen ýaly paýtagtyň kommunal hojalygynyň işgärleri ýuwýarlar.
Soňky goýulýan täze duralgalaryň ählisinde awtobus ugurlarynyň gatnaw tertibi asylypdyr. Onda şol duralga gelýän awtobuslaryň marşrutlarynyň kartasy hem-de şol marşrutlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň gatnaw ýygylygy görkezilipdir. Bu täzelik diňe bir paýtagtly ýolagçylar üçin däl, eýsem paýtagtyň myhmanlary üçinem amatly.
Aşgabadyň ýaşaýjysy, 52 ýaşly Sapar şäher jemgyýetçilik transportundaky oňyn özgerişler barasynda öz pikirini şeýle beýan edýär: “Men paýtagtda ýaşaýan-da bolsam, häzir awtobus marşrutlary köpelensoň, olaryň haýsynyň haýsy ugur boýunça gidýändigini öňküler ýaly aýdyp biljek däl. Bu marşrut kartlarynda bolsa hemme zat aýdyň görnüp dur. Şular ýaly marşrut kartlaryny aýratyn bir broşýura ýaly edip çap edäýseler, has-da gowy boljak“.
Häzir paýtagtda 60 marşrut boýunça awtobus gatnawy bar. Bu marşrutlar boýunça 700 sany awtobus gatnaýar. Awtobus duralgalarynyň biri-birinden uzaklygynyň bolsa 300-500 metrden geçmeýändigi barada ýokarda ady agzalan “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetindäki habarda aýdylýar.