92 ýaşly weterana jaý berilmeýär

Aşgabat, Ikinji Jahan Urşunda wepat bolanlara dikilen ýadygärlik

Türkmenistan 9-njy maýda 1941-45-nji ýyllarda nemes faşistlerine garşy uruşda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygyny baýram etdi.

Bu baýram mynasybetli uruş weteranlaryna sowgat-sylag edilendigi habar berilýär.

Emma 1922-nji ýylda doglan, 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan aşgabatly weteran, öňki žurnalist we terjimeçi Meretdurdy Temmimowyň ýaşaýyş jaý ýagdaýynyň gowulandyrylmagy baradaky haýyşy ýyldan-ýyla kanagatlandyrylman gelýär diýip, ýerli synçy Nurberdi Nurmmämedow Azatlyk radiosyna aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele bilen gyzyklanyp geçiren söhbetdeşligini diňläp, pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

92 ýaşly weterana jaý berilmeýär