"Häkimlige hiç girip bilemzok"

Aşgabadyň şäher häkimligi

Jaý bilen bagly meselesi bolan türkmenistanlylar häkimiýetlere ýüz tutmakda uly kynçylyklary çekýändiklerini aýdýarlar. Adamlar bu ugurdan öz soraglaryna jogap tapmagyň çetindigini, degişli meseleleriň çözülmegini soramak üçin mümkinçilikleriň ýokdugyny gürrüň berýärler.

Aşgabadyň şäher häkimliginiň jaýynyň öňünde nobata duran zenanlar Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, jaý problemasy bilen bagly mesele boýunça maglumat almak, öz soraglaryna jogap tapmak üçin gelendiklerini, emma bu ýere yzygiderli gatnasalar-da, özleriniň, dürli bahanalar bilen ençeme wagt bäri kabul edilmeýändiklerini gürrüň berýärler.

Kabul edenok

Adyny agzamadyk ýaş çagaly bir zenan maşgala şeýle diýýär: “Men indi şäher häkimligine bir ýyl bäri gatnap gelýärin. Hiç girip bilemok, kabul edişligine kabul hem etdirenoklar. Ertir gel, birigün gel diýip. Bolanok, ýok diýip ugradýarlar. Ýa baýramçylyk, ýa-da ol geçsin, bu geçsin. Gelýäris, bolanok, bitenok, diňlänoklar hem. Jaň edip aýdarys diýýärler, jaň edip aýdanoklar, özümiz jaň edýäris, jaňymyzam alanoklar”.

Jaý meselesi bilen häkimligiň öňünde nobata duran ýene bir zenan öz meselesi barada özüne ýazmaça görnüşde hem jogabyň berilmeýändigini aýtdy: “Alty aý bäri şäher häkimligine nobata durus, öz meselämize, ýykylan jaýymyzyň meselesine seretmek üçin. Ýöne näçe garaşsak hem her hepdede häkimiň işi çykýar, häkim aganyň eli degenok, ýa oçyr ýetenok. Ol nähili nobat ýetenok, adamlara bir aý däl, iki aý däl, islendik soraglara on günde gaty gitse, bir aýyň dowamynda ýazmaça görnüşde jogap bermelimikä diýýärin. Kabul ediljek bolaýanda-da, üç-dört adamdan artyk kabul edip bilenokmyşyn”.

Jaýy ýykylyp, jaý almak boýunça soraglaryna jogap almak üçin nobatlarda duran raýatlar bilen bir hatarda döwlet tarapyndan jaý berilmegini sorap, häkimiýetlere ýüz tutýan döwletiň sosial goldawyna mätäç bolan raýatlar hem kynçylyklara duçar bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Maýyplygyň 1-nji toparyna degişli batyl zenan 3 ýaşly çaganyň enesi, 2007-nji ýyldan bäri döwletden jaý almak boýunça nobata durandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Prezidentimiziň aýtmagyna görä, men birinji topar maýyplara, enesi-atasy ýoklara jaý berjek diýip, çykaran karary bar. Şo boýunça-da men oçyrda durun 2007-nji ýyldan bäri. Şol oçyryma seredýän ýok, çagam bar entek üçem ýaşanok. Enem-atam hem ýok, ýanýoldaşym hem ýok”.

"Meselämizi kim çözýär"

Jaý meselesine we häkimiýetleriň hereketsizligine degişli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlar näme etjegini bilmeýändigini aýdýarlar: “Häkim kabul edip, raýatlary öz soraglary boýunça kanagatlandyryp, meselesini çözmeýän bolsa, ýokary organlaryň haýsyna ýüz tutmalydygyna, nirä barmalydygyna, meselämizi kimiň çözýändigine biz-ä akyl ýetirip bilemizok”.