“Gumdaky mellek ýerine barar ýaly däl”

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň käbir ýaşaýjylary gumdan paýlanýan mellek ýerine barar ýaly däl diýýärler.

Türkmenistanda soňky aýlarda ilata mellek ýerleri paýlanyp berilýär, emma maglumatlarda şol mellek ýerleriniň gumuň içinden ýa-da şor ýerden berilýändigi aýdylýar.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň käbir ýaşaýjylaryna hem mellek ýeriniň gumuň içindäki şor ýerden beriljekdigi habar berlipdir.

Bu barada agzalýan etrabyň özüni Keýik daýza diýip tanyşdyran ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Gumdaky mellek ýerine barar ýaly däl”