Türkmen görnüşleri - 48-nji hepde

Aşgabadyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligniň öňünde abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Paýtagtda ilkinji gar ýagdy. Bu gar häkimiýetleriň paýtagty ak şäher hökmünde görmek isleg arzuwlaryny kanagatlandyran bolsa gerek. Bu wakanyň döwlet mediasynda wasp edilşinden şunuň ýaly netijä gelýärsiň.

Aşgabatda ýagan ilkinji gara iň köp begenen çagalar bolsa gerek. Olar höwes bilen gar oýnaýarlar.

Marynyň obalarynyň birinde köne transformatorlar. Ýerli ilat transformatorlaryň ýygy-ýygydan bozulýandygy sebäpli elektrik togsuz oturmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Paýtagtda öýsüz-öwzarsyz haýwanlara garaşyk edýän ýaşaýjylar hem bar.

Aşgabatdaky Ýokary kazyýetiň gapysy aglaba wagt ýapyk saklanýandygy sebäpli arza bilen gelýän adamlar uzak wagtlap aýak üstünde garaşmaly bolýarlar.

Marynyň obalarynyň birinde idegsiz gezip ýören düýeler.

Aşgabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda kommunal kärhanasynyň işgärleri zir-zibil aýyrýarlar. Köçe arassalaýjylar ýylyň ähli güni, howa şertlerine garamazdan hem işlemeli bolýarlar.

Aşgabat şäheriniň Azady köçesiniň ugrunda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäri resminama barlaýar.