Türkmen görnüşleri - 5-nji hepde

Aşgabadyň Parahat- 2 mikroraýonynda jaýlary abatlaşdyrmak bilen bir hatarda split sistemalary hem aýrylýar.

Aşgabat-Serhetabat ýolagçy otlusynda biletsiz ýolagçylar uzakly gijäni geçelgede oturyp ýol aşmaly bolýarlar.

Ýylyň ähli paslynda-da köçe söwdasy dowam edýär

Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonyndaky çagalar sport meýdançasynyň golaýyna zyňylan zir-zibiller, ulag tekerleri.

Tebigy şertlere garamazdan köçe süpürýän daýzalar her gün köçä çykmaly bolýarlar.

Çäreden gaýdyp gelýän mekdep okuwçylary. Çagalary ak egin-eşikli çärelere gatnaşdyrmak soňky ýyllarda däbe öwrüldi.

Çagalar gar oýnaýarlar.