Aşgabat: Jaýlara 'mermer' örtmek işi doňdy

Mermere meňzeş plastiki material bilen ýaňy bejerilip başlanan jaýyň daşyndaky işleriň togtamagyna 4 aý boldy, Parahat- 2/1, jaý 21.

Jaý bilen haýat aralygynda ýatan gurluşyk materiallary we zibilleri ýaşaýjylaryň ýöremegine päsgel berýär.  

Jaý bilen haýat aralygynda ýatan gurluşyk materiallary we zibilleri ýaşaýjylaryň ýöremegine päsgel berýär.  

Parah-1 mikroraýonynda ýerleşýän jaýyň daşyna haýat aýlanyp, bejeriş işlerine taýýarlyk görülenine sekiz aý boldy. 

Bejeriş işleri üçin tutuş jaýyň daşyna çekilen gurluşyk matasy, 4-5 aý bäri ulanylman, ýyrtylyp, öz- özünden ýok bolup barýar, Parahat- 2/1. 

Jaýyň daşyny bezemek boýunça işleriň başlanmagy sebäpli bu ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda ýerleşän "Altyn Asyryň" toleg nokady, internet üçin töleg nokady 8-9 aý bäri işlänok. Dermanhana bilen dükan işleýär, emma olara girmek howply görünýär, Parahat -1