Türkmen görnüşleri - 14-nji hepde

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde meýdandan kömelek ýygnap, ony magistral ýoluň ugrunda satmaga çykaran oglanjyk.
 

Köpetdagyň etegindäki obalaryň birinde meýdanda bakylýan at.

Aşgabadyň köçeleriniň birinde ýol hereketine gözegçilik edýän ýol gözegçilik gullugynyň işgäri.

Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşaýyş jaýlary paýlaýyş we hasaba alyş bölüminiň öňünde nobata duran ýaşaýjylar.
 

Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçirilen it uruşlarynyň birine gatnaşan it.

Aşgabatda bir tarapy abatlanan, beýleki tarapy bolsa abatlanmadyk köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň biri. 

Aşgabadyň Çoganly gonamçylygynyň öňünde gül satýan söwdagärler.

Aşgabadyň Parahat 2 mikroraýonynda abadanlaşdyryş işleri alyp barýan häkimiýet wekilleriniň iş ýerinde geçirýän işgärleri.