Türkmen görnüşleri - 21-nji hepde

Balkanabat şäherinde çagalry bilen gezelenç edýän zenan.

Aşgabadyň Parahat kiçi etrapçasynda ýertut satýan ýetginjek oglan. Türkmenistanda ýaz paslynyň gelmegi bilen ýan ýodalarda, köçelerde gök-bakja önümlerini satýan türkmenistanlylaryň köpelýändigi habar berilýär.

Aşgabadyň Parahat kiçi etrapçasynda awtobusa garaşyp duran ýolagçylar. Bu sebitde awtobus duralgasy bolmanlygy sebäpli, ýolagçylaryň köçäniň ugrunda awtobusa garaşýandygy habar berilýär.

Balakanabat şäherinde öz howlularyna haly ýazyp, oýun-oýnaýan çagalar.

Aşgabatda täze doglan çagany keselhanadan almaga barýan bezelen awtoulag. Soňky döwürde Türkmenistanda täze doglan çaganyö bezelen awtoulaglar bilen keselhanadan öýe alnyp gaýdylýandygy aýdylýar.

Balkanabatda awtoulagyny bejerýän ýaşaýjy.

Aşgabadyň Gülistan söwda merkezinde et satýan söwdagärler.

Aşgabatda köpgatly jaýlaryň biriniň öňündäki ýykylan goşmaça otagdan galan zir-zibiller we galyndylar. Şu ýylyň başyndan bäri Aşgabatda şäheri abadanlaşdyrmak çäreleriniň bir bölegi diýlip, köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň öňündäki ýa-da arka tarapyndaky goşmaça gurluşyklar ýykylýar.

Aşgabatda top oýnap gelýän oglanlar.