Türkmen görnüşleri - 39-njy hepde

Aşgabadyň 30-njy kiçi etrapçasynyň çägindäki köçelerde atlaryny gezdirip ýören çapyksuwarlar.

Aşgabadyň aralyk köçeleriniň birinde kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri arakesmede dynç alýarlar. Bu gullugyň işgärleriniň gyşyň sowuk, tomsuň yssysyna garamazdan, baýramçylyk günleri hem işleýändigi habar berilýär.

Aşgabatda awgust aýynda sökülip başlanan "Piwo zawodyndan" galan gurlyk galyndylary. 1937-nji ýylda bina edilen bu desga Aşgabadyň taryhy desgalarynyň biri hasaplanylýardy.

Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde mekdebe barýan okuwçy oglan.

Lebap welaýatynda gumuň içinden berlen mellek ýerlerine gurlup başlanan täze jaýlar. Käbir ýaşaýjylar mellekleriň gumuň içinde berlendigine garamazdan, ol ýeri tekizläp özleriniň jaý salýandyklaryny aýdýarlar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde täze jaýyň gurluşygndan soň sökülip goýulan uly gurluşyk krany. 

Serdar etrabynyň çägindäki magistral ýoldan geçip barýan sygyr sürüsi.

Aşgabatda nobatçylyk etmäge taýýarlanýan harbylar.

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän türkmen-eýran serhedindäki Sarahs serhet gözegçilik posty.